JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýada saparda bolar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin geljek hepde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşar. Bu barada rus metbugatynda habar berilýär.

– Russiýa resmi sapar bilen Türkmenistanyň Prezidenti gelýär. Bu sapar örän möhümdir. Türkmenistan Russiýanyň Merkezi Aziýadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Giň gerimli hyzmatdaşlyk gatnaşyklar bar. Her iki tarap bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarly – diýlip, “Russiýa 1” teleýaýlymynda “Moskwa. Kreml.Putin” atly gepleşikde bellenilip geçildi.

Bu sapar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi sapary bolar.

 

Türkmenistan-Türkiýe-Azerbaýjan daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Related posts

Täze içeri işler ministri bellendi

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly eseriň XIV jildi çapdan çykdy

Täze ýyl hakynda gyzykly maglumatlar

Ata Watan Eserleri