JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurtly işewürleri kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart we “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory, direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Riz, “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk hem-de  “Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bilen duşuşdy.

Işewürler duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentini hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyny giňden bellenilen Aşgabat şäheriniň güni bilen gutladylar we iň oňat arzuwlaryny aýtdylar.

ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň döwlet we telekeçilik düzümleri bilen ýakyn aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, ynanyşmak hem-de deňhukuklylyk ýörelgelerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň geriminiň giňeldilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän orunlaryny pugtalandyrmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

“Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygy Wladimir Petruk senagat we raýat ugurly gurluşyklaryň dürli pudaklarynda ýöriteleşen “Interbudmontaž” gurluşyk assosiasiýasynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga gyzyklanýandygyny hem-de ähli tejribesini, mümkinçiligini hödürlemäge taýýardygyny aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de hyzmatdaşlyk borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

“Altkom” maliýe-senagat toparynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Aleksandr Tislenko bolsa, dürli maksatly desgalaryň, ulag düzüminiň gurluşygynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtap, türkmen hyzmatdaşlaryna köpri gurmak ugrunda toplan tejribelerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

 

Gruziýanyň Prezidentine gutlag haty

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy

“PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy

«Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetine Eswatinide önümçilik üçin ýer berilýär

Owganystanyň Premýer-ministri: Türkmenistan Owganystanyň daşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýär