SIZDEN GELENLER

Ädimler durmuşyň adyl terezisi

Biz durmuşda her birimiz öz ädýän adimlerimize göra laýyk durmuşy ýaşaýarys. Biz, dogry ýoly saýlap almagy başarsak şol ýoly geçmek üçin sansyz ädimler ätmeli bolýarys. Ykbal pursatlary biziň äden ädimlerimizden doly. Her bir işi ýerine ýetirmek üçin aklymyza görä hereket edýäris diýmek akyl bize ýol salgy berýän iň gymmatly barlyk dälmi?

Allatagalla adama iň gymmatly zatlary peşkeş beripdir olam ynsan oglynyň akyly hem ylmydyr. Ol barlyklaram bizi Ýer ýüzündäki ähli jandarlardan tapawutlylyga öwürdi.

Ynsan oglynyň pikirlenip bilmegi şol pikirine göra ädim ätmegi dogry ýoldan barýandygyna akyl ýetirmegi öran täsin. Aslynda durmuş adamyň göziniň nirä bakýanlygyndadyr. Asmana seredende mawy asmanyň , Bataklyga seredende bolsa hapalyklaň barlygyny görüp bilmekligidir. Iň esasy zat gowy häsiýete eýe bolmak gowy tarapa seretmek we pikirlenmek akyl ýetirmeklikdir. Biz şu aýdylan zatlary yzygderlilikde alyp barsak ähli durmuşymyzdaky gowylyklaryň öz özünden hasyl bolýanlygyny görüp bileris. Şowlulyk we şowsuzlyklar hem häsiýetlerimize we biziň ädimlerimize bagly bolup durýar.

Netijesi hem şonuň miwesidir. Şowlylyk we şowsuzlyk biziň hereketlerimiziň jemidir. Şowsuzlyk paýynyň nesibamizde bar bolmagyna gynanmaň! belkide biz şol maksadyň ugruna ädimlerimizi kemterrak ädendiris.

Durmuş gysganç däldir, näçe köp yhlas edip ylgasaň şonçada köp maksadyňa ýetýänsiň . Şolaryň ählisiniň yzynda biz ynsanlara berilen ebedi akyl bilen ylym ýatandyr. Ykbalyna şowlylyk nesip eden adamlara hiç wagt bahylçylyk etmäň. Sebäbi durmuş eden işiňe görä serpaý ýapýar. Egerde sizem şolar ýaly hormata mynasyp bolasyňyz gelýän bolsa, onda häzirden başlaň “Hiçden giç ýagşy” diýilip ýöne ýere aýdylmandyr. Maksadyň ugrunda ýadaman, ýaltanman öňe gitmek gerek. Durmuş ählimiziň adyl terezimizdir. Hojalygymyzy nä derejede mukaddeslikler bilen dolandyrýan bolsak durmuşymyzy, alyp barýan işlerimizi hem şol derejede dogry ädimler bilen alyp barmalydyrys. Şeýlelikde biz durmuşymyzyň bize ýapýan serpaýyna görä ýaşaýarys.

 Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyaýzow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Angliýanyň çempiony – “Mançester Siti”

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany