DÜNÝÄ

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň möhüm çärelerine gatnaşdy

2022-nji ýylyň 10-12-nji maýynda Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Gurbanow bu ýurduň Sari şäheriniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (EKO) Syýahatçylyk merkezi hökmünde yglan edilmegi çäresine we EKO-nyň Hemişelik wekilleriniň Geňeşiniň (CPR) 264-nji duşuşygynyň işine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky ilçihanasy habar berýär.

Bu çäreler EYR-nyň tebigaty gözelliklere beslenen, syýahatçylyk we medeni merkezleriniň biri bolan Mazenderan welaýatynyň Sari şäherinde geçirilip, onuň açylyşyna Mazenderan welaýatynyň häkimi jenap Seýed Mahmud Hoseýnipur we EYR-nyň Medeni-miras, syýahatçylyk we senetçilik ministri Ezatolla Zargami, welaýatyň ýokary wezipeli wekilleri hem abraýly telekeçileri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen  Mazenderanyň häkimi S.M.Hoseýnipur bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Mundan başga-da Demirgazyk-Günorta üstaşyr Koridorynyň çatrygynda ýerleşýän we Eýran Yslam Respublikasynyň Hazar gyýysyndaky esasy portlarynyň biri bolan Amirabad portunyň işini ýerinde öwrenmek maksady bilen ol ýere tanyşlyk sapary guraldy.

 

Ýene bir ýörite uçar gatnawy: “Türkmenistan” awiakompaniýasy

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Muny bilmek gyzykly

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Türkmenistanda saparda bolýar

Ata Watan Eserleri