DÜNÝÄ

Wladimir Putinden Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatyny iberdi. Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidentini iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli gutlady. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Hususan-da bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

– Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça Şertnamasyna gol çekilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

2002-nji ýyldaky şertnama Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň häzirki döwrüniň başlangyjy boldy. Bu möhüm resminama gol çekilmegi, köp ugurly gepleşikleriň we özara gatnaşyklaryň hil taýdan ýokarlanmagy üçin şert döretdi.

Bilelikdäki tagallalar bilen Russiýa-Türkmenistan strategiki hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynanýaryn. Bu, elbetde, halklarymyzyň esasy bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün edýär.

 

 

Bedewiň çeper waspy: bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

Ýene-de okaň

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Türkmenistandan «EKSPO — 2030» sergisine gyzyklanma

Türkmenistanyň wekiliýeti Çaga zähmetini aradan aýyrmak boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdy

Rumyniýanyň döwlet sekretary bilen duşuşyk