SIZDEN GELENLER

Aşgabadyñ goýnunda

Señ goýnuñda hasyl boldy arzuwlam,

Bagtyýar döwrümiñ talyby boldum.

Gözlemde ýaldyrap otly ýyldyrym,

Bagt atly bagyñdan bir güli ýoldum.

 

Señ goýnuňda tapdym özüme syrdaş,

Her gün kalbym içre arzuw dokaýan.

Kagyzyñ ýüzüne ekip umydym,

Kitap edip gözelligi okaýan.

 

Señ goýnuñda düşdüm bagtyñ roýuna,

Arzuw , umyt, ylham, birleşdi birden.

Şunça baýlyklaryñ eýesi boldum,

Aşgabadym, asla doýma ýok senden!

***

Mynajat

Ýa Ýaradan Biribarym,

Söýlär tilim kalpda baryn,

Ot içinde dertli janym,

Melhem eýle hemaýat ber!

 

Kän eken durmuşyñ aly,

Saýgarmak kyn gara- agy,

Ýalançy bolsada pany,

Çyn dostlary dowamat  ber!

 

Büdredäýse ýolda  ykbal,

Synagna döz gelip  herhal,

Çyn nirede, haýsynda  al,

saýgarara alamat ber!

 

Hatasyz däl hiç  bir adam,

Gorar  toba müñ beladan,

Ýalka herdem,  eýle ýardam,

Şükir kylaý kanagat ber!

***

      Arzuwym

Ajaýyp bir haly kimin sünnäläp,

Setirlerim ýugrup bilsem päklige.

Bugdaý çöregi deý mañyzly sözler,

Sebäp bolsa ýylgyryşa, şatlyga.

 

Öz başyna gülälekli bu kalbym

ýatlatsa gülleriñ näzik ýapragyn.

Arzuwlarym bägül bolup gögerse,

Mañlaýa däl, kalba sürtsem topragyn.

 

***

Bagtly ýaşlar biz!

Neneň buýsanmasyn, joşmasyn diller,

Şanly ösüşlere şaýatdyr gözler,

Diňe alkyş aýdýar bagtyýar iller,

Asuda diýarda bagtly ýaşlar biz!

 

Ilaty agzybir ýurdy parahat,

Gurulýan binalar berkdir hem rahat,

Şeýle zamanada ýaşamak bagt,

Gülleýän diýarda bagtly ýaşlar biz!

 

Eneler bagtly-geçmiş ganatly,

Çagalar bagtly-geljek zynatly,

Biz ýaşlar bagtly-kalby buýsançly,

Özgerýän diýarda bagtly ýaşlar biz!

 

Arkadagy bilen gaýratly Watan,

Baş bolup Arkadag bagt daňy atan,

Ösüşler ýar bolup mertebä ýeten,

Berkarar diýarda bagtly ýaşlar biz!

Aýjeren Gadamowa,

 Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

 Teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk