SPORT

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow “Bellator MMA” ýaryşynyň çäklerinde 3-nji tutluşygynda ýeňiş gazandy.

Ýagşymyradow – Karwalýo tutuluşygy 16-nji aprelde San-Hose şäherinde “SAP Center” merkezinde geçirildi. Ýeňiji ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow boldy.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň adyndan ýeňiş gazanan ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradowy gazanan üstünligi bilen gutlaýarys. Şu gün daňdan dünýäde millionlarça sportuň muşdagy Türkmeniň Belent Ýaşyl Baýdagyna, Türkmeniň buýsançly Ak Telpegine we Türkmeniň edermen Ýigidine haýran galyjylyk bilen tomaşa etdi.

Döwletjan Ýagşymyradow professional karýerasynda 25 tutluşyk geçirdi we olaryň 19-sinde ýeňiş gazandy. Galyberse-de, 16 tutluşygynda wagtyndan öň garşydaşyny ýeňmegi başardy.

Rafael Karwalýo 23 tutluşyk geçirip, 16 tutulşykda ýeňiş gazandy we 7 tutluşykda ýeňlişe sezewar boldy.

Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin : 

+993 63 78 96 73 &  +993 12 96 48 55

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, söhbetdeşlikler, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Döwletjan Ýagşymyradowyň garşydaşy üýtgedildi

Ýene-de okaň

Trkmenistanyň futbol çempionaty başlaýar

Türkmen türgenleri 3 aýda 123 medal gazandy

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri