SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Türkmenbaşy-Stambul uçar gatnawy ýerine ýetirildi

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasynyň Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna beren maglumatyna görä, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 26-njy martda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy.

Bu barada ozal hem size habar beripdik. Şoňa laýyklykda,  türk awiakompaniýasy nobatdaky ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy 9-njy martda Stambul-Aşgabat-Stambul, 14-nji martda bolsa, Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça gatnawlary ýerine ýetiripdi.

Şu ýerde ýene-de bir zady bellemek gerek. Ýakyn wagtda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” awiakompaniýasy ýene-de bir ýörite uçar gatnawy amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada hem size ýakyn wagtda habar bereris. 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/asgabat-minsk-ugry-boyunca-ucar-gatnawy-meyillesdirilyar/

Related posts

Moskwa-Aşgabat-Moskwa uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Dünýäde iň ir doglan bäbejik