JEMGYÝET

Halk Maslahatynyň Başlygy zähmet rugsadynda döredijilik bilen meşgullanar

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize şahsy haýyşy bilen ýüz tutdy.

Siziň bilşiňiz ýaly, men indi 40 ýyl bäri ýolbaşçy wezipede işleýärin, 25 ýyl bäri syýasat bilen meşgul bolýaryn. Şu döwürde işiň köp bolanlygy bilen bagly men doly derejede dynç alyp bilmedim diýip, Arkadagymyz aýtdy we şoňa görä-de, özüne 1-nji aprelden zähmet rugsadynyň berilmegi baradaky haýyş bilen ýüz tutdy. Şu döwürde men öz täze kitaplarymy tamamlap bilerdim. Şu ýyl göz öňünde tutulan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň zenanlar dialogyny we beýleki halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin hem gowy taýýarlyk görerdim diýip, Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem dynç alyş döwründe Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmegi K.Babaýewiň üstüne ýüklemek baradaky haýyş beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Arkadagymyzy diňläp, bu haýyşyň kanagatlandyryljakdygyny belledi.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow Binali Ýyldyrymy kabul etdi

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň gymmatbaha sport brendleri

vepa

Oguljahan Atabaýewa Şanhaý şäheriniň häkimi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri