SIZDEN GELENLER

Pisse peýdaly we tagamly miwe

Adamyň özüni berk bedenli we sagdyn duýmaklygy üçin iýýän önümleriniň her biri oňa örän güýçli täsir edýär. Bedene täsir edijiligi ýokary bolan we özüniň tagamlylygy bilen tapawutlanýan önümleriň biri hem pissedir.

Pissä botanikada “Pistacia vera” diýlip atlandyrylýar. Onuň gaty gabygy hem-de ýaşyl ýadrosy bardyr we özboluşly tagamy bilen köplere bellidir. Köp peýdaly häsiýetleriniň bolanlygy üçin pissä “durmuş agajy” hem diýilýär.

Pisse yssy we gurak ýurtlarda ösüp ýetişýär, ýagny olar Demirgazyk-Günbatar Afrikanyň, Aziýanyň, Siriýanyň, Mesopotamiýanyň we Eýranyň demirgazyk-gündogar bölegine giňden ýaýrandyr. Şeýle hem bu ösümliklere Merkezi Amerikada we Tehasda duş gelmek bolýar. Biziň güneşli diýarymyzda, Täjigistanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda ýabany pisse agaçlary ösýär. Bu ösümlik Gresiýada, Ispaniýada, Italiýada we Türkiýede hem ösdürilip ýetişdirilýär. Türkiýä pissäni eksport etmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurt hasaplanýar.

Tebigatda pisse agaçlary tohumlar we baldaklary arkaly köpelýär. Pisse agajy kalsiý elementine baý bolan topraklary has gowy görýär. Kadaly ösüp, boý almagy üçin pisse agaçlary kalsiýni işjeň ulanýar.

Pisse agajynyň gülleri aprel aýynda peýda bolýar, miweleri sentýabr-noýabr aýlarynda bişýär. Pisse agaçlary uzak ömri bilen tanalýar, hersi 400 ýyla çenli ýaşap bilýär.

Pisse yssylyga we ýagtylyga ygrarlydygyna garamazdan, bu agaç -25 gradusa çenli aýazlara çydap bilýär. Gün şöhlesinde ösümligiň ýapraklary köp mukdarda aşa zäherli efir ýaglaryny bölüp çykarýar.

Pisse hozy 2,5 müň ýyldan gowrak wagt bäri peýdalanylyp gelinýär. Olara gündogarda we dünýäde toniki täsir edýän önüm hökmünde baha berilýär. Her ownuk hozda mis, marganes, fosfor, kaliý we magniý ýaly elementler bardyr.

Pisse ýürek we gan damarlarynda kynçylyk çekýän adamlar tarapyndan ulanylýar. Bu hozlar bagyr we dem alyş ýollarynyň keselleri üçin hem peýdalydyr. Goşmaça kömek hökmünde olar gepatit we ganazlykly näsaglaryň iýmitine girizilýär.

Hasyl ýygnalandan soň, hozlar adatça güne guradylýar. Bu gaýtadan işlemegiň usulynyň himiki serişdeleri ulanmagy öz içine almaýar, şonuň üçin pisse ekologiýa taýdan arassa önüm hasaplanyp bilner. Guradylan hozlary uzak wagtlap saklap bolýar – azyndan bir ýyl.

Akmuhammet Muhammedow,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

 

Özbegistanda ýylylyk elektrik stansiýasynyň düýbi tutuldy

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…