Agrosenagat toplumynda bäsdeşligiň ösmegi pudagyň aýratynlyklaryna ep-esli derejede täsir edýär.Ýerleriň tebigy we howa şertleriniň ýokary derejede bolmagy ýeriň öndürijiligine esasanam ekin önümçiligine ýokary täsir edýär.
Howa şertleriniň durnuksyz bolmagy oba hojalyk önümçiliginiň beýleki pudaklara garanyňda ekerançylygyň ep-esli pes bolmagyna getirýär, bu bolsa önümleriň we bahalaryň üýtgemegine täsir edýär. Önümçiligiň möwsümliligi önümleriň ýylyň dowamynda şertsiz satylmagyna getirýär.
Çalt zaýalanýan önümleriň ýagny (gök önümleri, süýt we süýt önümleri) ýaly önümleriň ep-esli bölegi bazara köpçülikleýin giriş döwründe bäsdeşligi güýçlendirýän, çalt satylmagyny talap edilýän önümlerdir. Şeýle hem, oba hojalygynda bäsdeşligiň ösmegini çäklendirýän birnäçe faktorlar bar, meselem, maddy we maliýe çeşmeleriniň ýoklugy, önümçilige dik integrasiýanyň bolmagy we hyzmatdaşlygyň pes derejesi. Häzirki wagtda ýurdyň oba hojalygyna girmek üçin möhüm ugurlar bardyr.
Senagatda bäsdeşligiň ösmegine itergi berýän çäreler hökmünde aşakdakylar zerurdyr:
- gaýtadan işleýän zawodlary çig mal bilen üpjün etmek we taýýar oba hojalyk önümleriniň marketingini gurnamak:
- oba hojalygynyň önümlerini ilata gönüden-göni satmak tejribesini giňeltmek, şol sanda bazarlar dynç günleri ýarmarkalary arkaly haryt paýlaýyş torlaryny ösdürmek üçin höwes döretmek;
- önümçilik infrastrukturasyny ösdürmäge gönükdirilen täsirli taslamalara goldaw bermek;
- satyn almak we haryt çäreleri amala aşyrylyp bilinjek oba hojalyk önümleriniň we azyk önümleriniň görnüşlerini giňeltmek;
- oba hojalyk öndürijileriniň we hyzmat ediş pudaklarynyň birleşmelerini höweslendirmek, bölekleýin söwda torlary bilen netijeli gepleşik geçirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek;
Bölek satuw söwda pudagynda bäsdeşligi ösdürmek
Bölek satuw söwda pudagy söwda konsolidasiýasyny (güýçlendirmek) ugrunda yzygiderli tendensiýalary (bir zadyň esasy ideýasyny)görýär, bu hem öz gezeginde harytlary ýerlemekde iňňän uly girdejileri almaga ýardam bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, käbir sebitlerde bölek satuw söwda zynjyrlaryny ösdürmek üçin obýektiw çäklendirme, logistika we paýlaýyş merkezleriniň ýoklugy söwda infrastrukturasyny pese düşürýär.
Bazaryň ähli gatnaşyjylarynyň arasynda öň döredilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýok edilmegi, azyk önümleriniň bazarynyň infrastrukturasynyň pese gaçmagyna we söwda guramalarynyň alternatiw görnüşleriniň aradan aýyrmagyna, oba hojalyk önümlerini satmak meselesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Bölek satuw söwdasynda amatly bäsleşik gurşawy üçin şert döretmäge gönükdirilen ileri tutulýan çäreler hökmünde aşakdaky ädimler maslahat berilýär:
- satyjylary bölek ýer bilen üpjün etmek üçin iň az standartlary kesgitlemek bilen ýaşaýyş ýerlerinde bölek ýerleriň proporsional paýlanyşy;
- täze gatnaşyjylar üçin sebitiň bölek satuw bazaryna girmek üçin aç-açan we diskriminasiýon däl şertleri döretmek babatynda Türkmenistanyň dörediji guramalarynyň döwlet edaralarynyň hereketlerine monopoliýa gözegçiligini güýçlendirilmegi.
Käbir sebitleriň bölek satuw söwda bazarlarynda bölek ýerleriň umumy göwrüminde bölek satuw söwda zynjyrlarynyň ep-esli paýy bar bolsa, köp öndürijiler üçin bölek satuw söwda zynjyrlary önüm satuwynyň esasy ugrudyr. Şeýle-de bolsa, bölek satuw zynjyrlaryny satyn almak syýasaty oňyn täsir edýär. Öndürijileriň tertip-düzgüni, iberilen möhletlere we göwrümlere, önümleriň hiliniň derejesine we durnuklylygyna görä ýokarlanýar, şeýle hem önümleri sarp edijä arzan bahadan bölekleýin satyp bolýar.
Göwherbibi Şaberdiýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.