17-nji martda Ýaponiýada sakura agajy gülledi. Sakura Günüň dogup barýan ýurdy bolan Ýaponiýanyň resmi däl milli nyşany hasaplanýar. Sakura agajynyň güllemegi ýapon halky tarapyndan esasy wakalaryň biri hasaplanýar.
Üstümizdäki ýylda ilkinji güllän sakuralara Fukuoka prefekturasynda duş gelindi. Ýurduň meteorologlaryň çaklamalaryna görä, ýurduň paýtagty bolan Tokioda sakuralaryň ilkinji pyntyklary 21-nji martda açylar. Sakura agaçlarynyň köpçülikleýin güllemek möwsümi 29-njy martda hasaba alynmagyna garaşylýar.
Sakura üljeler maşgalasyna degişli bolup, onuň 400-den gowrak görnüşi bar. Agajyň beýikligi ýaşyna laýyklykda 8 metre çenli ýetýär.
Ol 12 günläp gülläp durýar we şol günler adamlar diýseň şat bolýarlar. Onuň miwesi tüwüden nahar taýýarlanylanda, oňa üýtgeşik tagam, ys bermek üçin goşulýar.
Sakura, köpleriň pikir edişi ýaly, ülje däldir. Bu ösümlik ýabany garaly agajynyň bir görnüşidir. Ýaponlar we daşary ýurtly syýahatçylar bu agajy gaty gowy görýärler we oňa aýratyn ideg edýärler. Sakura gadymy döwürlerden bäri ýapon şahyrlaryny ylham çeşmesi bolupdyr.
Geçen ýyl hem sakuranyň mart aýynda gunçalandygy habar berlipdi. Sakura gülüniň ilkinji gunçalamasynyň wagty 1953-nji ýyldan bäri hasaba alynýar. Adatça, bu agajyň gülleýän döwründe köpler wagtlaryny oňat geçirmek üçin sakura seýilgähinde gezelenç edýärler. Sakuranyň gülleýän döwri sakura seýilgählerine gezelençleriň wagty hasaplanýar. Sakura agşam çagy tomaşa etmek has-da lezzetli. Çünki seýilgähler gülgüne reňkli bu agaçlary has-da gözelleşdirýän yşyklandyryş ulgamy bilen abzallaşdyrylýar.
“Sakura” diýilýän köp görnüş diňe bezeg ösümlikleri hökmünde ösdürilip ýetişdirilýär we ownuk we iýip bolmaýan miweleri berýär. Sakura beýleki ösümlikleriň gapdalynda gaty gowy ösýär, olaryň nähili ekilendigine baglylykda başgaça täsir edýär.
Ýaponiýada sakuranyň güllemegi döwlet derejesinde bellenilýär: Hanami baýramçylygy bellenär we ol Tokionyň esasy Şinjuku seýilgähinde bolup geçýär – oňa diňe bir meşhur syýasatçylar däl, eýsem imperator maşgalasynyň agzalary hem gatnaşýar.
Aknur Aklyýewa,