JEMGYÝET

Merkez saýlaw toparynyň başlygy Myradow: Prezident saýlawlary barada…

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy Gulmyrat Myradow 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada metbugat ýygnagyny geçirdi.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan metbugat ýygnagyna halkara synçylar, ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Gulmyrat Myradow Prezidenti saýlawlary, onuň geçiriliş tertibi hem-de saýlaw möwsümi barada habar berdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna syýasy partiýalar we raýat teklipçi toparlaryň dalaşgär hödürländigini we 9 dalaşgäriň gatnaşmagynda saýlawlaryň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçendigini belledi.

Şeýle hem ol saýlawlar üçin ýurdumyzyň çäginde we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň ilçihanasynyň we konsullyk edaralarynyň ýanyndan döredilen saýlaw uçastoklarynda ses berişlikleriň geçirilendigini we saýlawçylaryň has işjeňlik görkezmegi bilen saýlawlaryň geçirilendigini belledi.

Myradow saýlaw uçastoklaryna barmaga mümkinçiligi bolmadyk saýlawçylar üçin hem ähli şertleriň döredilendigini belledi.

Ol saýlawlara GDA, ŞHG, Türki Döwletleriň Guramasy ýaly halkara guramalaryndan köp sanly halkara synçylaryň hem gatnaşandygyny belledi.

Myradow saýlawlaryň gutarnykly netijesiniň iň gysga wagtda mälim ediljekdigini belledi.

 

Türki Döwletleriň Guramasy: saýlawlar halkara ülňülerinde geçirildi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Nikaragua Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady