Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak hem-de bereket-bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.
Tarp ýerleri özleşdirmegiň hasabyna ekerançylyk meýdanlarynyň geriminiň giňeldilmegi, oba hojalyk ekinleriniň ýerli toprak-howa şertlerinde ýokary hasyl berýän görnüşleriniň ýetişdirilmegine ünsüň ýokarlanmagy we bu işleriň ylmy esasda ýola goýulmagy, şeýle-de agrosenagat toplumynda innowasion häsiýetli häzirki zaman kärhanalarynyň döredilmegi aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Şoňa görä-de, päk zähmetiniň rehnedini görüp ýaşaýan türkmen daýhany bu gün topraga aýratyn yhlasly çemeleşýär we bol hasyl ýetişdirmekde tutanýerlilik görkezýär. Munuň üçin oba zähmetkeşlerinde ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler bar.
Pagtaçylyk — daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar.
Üstümizdäki ýylda 23-nji martda gowaça ekişine badalga berler. Gowaça ekişi ýurduň Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda başlanar.
Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň obasenagat toplumynyň hemmetaraplaýyn ösüşine, oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn goldaw berilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Pudakda giň möçberli özgertmeleriň netijesinde obasenagat toplumynyň netijeliligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, obasenagat toplumyny inženerçilik-tehniki taýdan üpjün etmek meseleleri täzeçil usulda çözülýär, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine ýokary derejede laýyk gelýän täze görnüşdäki kuwwatly tehnikalar satyn alynýar.
Ekerançylyk meýdanlarynyň suwaryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, tohumçylygyň we bu ugra degişli ylmy-barlaglaryň ösdürilmegine ägirt uly maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Pagtany gaýtadan işleýän senagat doly döwrebaplaşdyryldy. Sebitlerde häzirki zaman görnüşdäki gaýtadan işleýän kärhanalar guruldy.
Oba hojalygyny sanlylaşdyrmak ýer işläp taýýarlamagyň täzeçil usulyny, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem daýhan birleşikleriniň düşewüntliligini ýokarlandyrmak, kärende gatnaşyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen anyk çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirilýär. Bu hem täze dokma senagaty kärhanalarynyň işe girizilmegi, pagta önümlerine bolan içerki isleglerini doly kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, pagta biziň baýlygymyzdyr we pagtaçylyk importyň ornuny tutýan önüm öndürmek we ýurduň eksport mümkinçiligini ýokarlandyrmak boýunça milli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşýar. Pagta ösdürip ýetişdirmek we saýlap-seçmek häzirki wagtda dünýä boýunça bu ekiniň iň uly on öndürijisiniň biri bolan Türkmenistanda ir döwürden bäri dowam edip gelýän däpdir
Gülbahar Hydyrowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.