Ozal hem habar berşimiz ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy tarapyndan 9-njy martda Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Russiýanyň ilçihanasynyň guramaçylygynda amala aşyrylan bu ýörite gatnaw arkaly 159 ýolagçy Moskwa şäherine gitdi.
Şol bir wagtda Aşgabada bolsa, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary üçin synçylar topary geldi.
Şeýle hem, düýn 9-njy martda Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy tarapyndan Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite gatnaw ýerine ýetirildi.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynda ýerleşdirilýän ýurdumyzyň täzelikleri, bäsleşikler, tenderler, uçar gatnawlary we beýleki habarlardan habarly bolmak isleseňiz, onda, mobil goşundymyzy şu aşakdaky linke basyp ýükläp alyp bilersiňiz.