DÜNÝÄ

Makron ikinji möhlete dalaşgärligini hödürledi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron prezident saýlawlary üçin resmi taýdan dalaşgärligini hödürledi.

– Respublikanyň prezidenti hökmünde täze mandat üçin ynamyňyzy soraýaryn. Asyryň çagyryşlaryna Fransiýanyň we Ýewropanyň aýratyn jogabyny siziň bilen bilelikde işläp düzmäge dalaşgär – diýip, Makronyň Fransiýanyň halkyna ýazan açyk hatynda bellenilip geçilýär. Bu hat ýurduň ýerli neşirlerinde çap edildi.

Fransiýada prezident saýlawlary 2 tapgyrda – 10-njy we 24-nji aprelde geçiriler. 4-nji martda, ýagny şu gün dalaşgärleri hasaba almak tamamlanýar.

Häzirki wagtda ýokary döwlet wezipesine 40-dan gowrak adam dalaş etdi. Olaryň arasynda žurnalist Erik Zemmur, parlamentiň deputaty Marin Le Pen, Il-de-Frans merkezi sebitiniň ýolbaşçysy Waleri Pekress, Pariž şäheriniň häkimi Ann Idalgo, parlamenterler Žan-Lýuk Melanşon, Fabýen Russel we beýlekiler bar.

Soňky geçirilen pikir soraşmanyň netijelerine görä, häzirki Prezidente ses bermek isleýän saýlawçylaryň sany artdy. Çaklamalara görä, Makronyň birinji tapgyrda 28 göterim ses, ikinji tapgyrda 50 göterimden gowrak ses almagyna garaşylýar.

Emmanuel Makron 2017-nji ýylda Fransiýanyň Prezidenti wezipesine saýlanypdy.

 

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Ýene-de okaň

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady

Gazagystanyň daşary işler ministri resmi sapar bilen Aşgabada geldi