SIZDEN GELENLER

Bag – durmuşyň gözelligi

Golaýda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ajaýyp tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, şeýle hem milli tokaý Maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ministrliklere, pudaklaýyn müdirliklere we Aşgabat şäher häkimligine şu ýyl üç million (ýaprakly, pürli, miweli agaç, üzüm) nahallaryny oturtmak barada Karara gol çekdi.

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, ony yzygiderli baýlaşdyrmak hemişe zerur. Daş-töweregimizi gurşap alan gözellikleri görmäge göz gerek. Ösümlik dünýäsiniň hoşboý ysly, hersi özboluşly baglarydyr gülleri kalbyňy joşa getirýär. Olar diňe bir durmuşyň bezegi bolman, eýsem, ynsan ýaşaýşynyň gözbaşyna öwrülýärler. Ähli janly-jandaryň dem alýan howasyny tämizläp durýan tebigatyň ösümlik dünýäsi durmuşyň gözelligi hem gönezligidir.

Durmuşyň bezegi, zeminiň gelşigi hasaplanýan baglary köpeltmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ýaly sogaply işiň döwlet syýasatynyň baş ugurlarynyň birine öwrülmegi guwandyryjydyr.

Ýurdumyzda dünýä tejribesiniň göz öňünde tutulmagy arkaly durmuş-ykdysady taslamalaryň amala aşyrylmagynda ekologiýa howpsuzlyk kadalaryň berk berjaý edilýändigi, täze önümçilik kärhanalaryň gurluşygy, hereket edýän beýleki desgalaryň durkuny döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almak, kämil tehnologiýalary, ylmy-tehniki işläp düzmeleri, innowasion «nou-haulary» we tehniki çözgütleri ulanmak arkaly alnyp barylýandygy bellenilmäge mynasypdyr.

Häzirki wagtda hem nobatdaky ählihalk bag ekmek çäresine taýýarlyk görülýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda alyp barýan giň möçberli ekologiýa syýasaty netijesinde, howanyň arassalygyny gorap saklamagyň we şäherleri, obalary gurşap alýan gök zolaklaryň döredilmegine gönükdirilen ählihalk bag ekişligiň geçirilmeginiň däbe öwrülmegi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň dabaralanmagynda hem uly ähmiýete eýedir.

Patma Orazdurdyýewa,

TOHU-nyñ talyby.

 

28-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk