DÜNÝÄ

Hökümetara türkmen-türk toparynyň onlaýn duşuşygy geçiriler

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň çäklerinde onlaýn tertibinde duşuşyk geçiriler. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň çäklerinde onlaýn tertibinde boljak duşuşyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bu toparynyň duşuşygynyň barşynda ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň, hususan-da 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan döwlet saparynyň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm taraplary we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkiýe Respublikasy bilen iki doganlyk halklaryň köp asyrlyk medeni we ruhy ýakynlygyna esaslanýan, däp bolan dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, häzirki döwürde taraplaryň üýtgewsiz gyzyklanmalary netijesinde, döwletara gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleri ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda sazlaşykly ösdürilýän, netijeli hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň çäklerinde boljak duşuşyga  degişli derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Şeýle hem ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň çäklerinde onlaýn tertibinde boljak duşuşyga hem taýýarlyk görülýär.

 

Halkara zenanlar güni: aýal-gyzlara pul sowgatlary gowşurylar

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailanda ilçi belledi

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň habar beriş we kommunikasiýa ugrunyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan ilkinji gezek Täze Zelandiýa ilçi belledi

Türkmenistan bilen Botswananyň ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Horwatiýanyň daşary işler ministri Türkmenistanda saparda bolar