SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

22-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty her gün täleýnamany dykgatyňyza ýetirýär. Siz hem öz ýyldyzyňyza görä täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. 

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň! 

Mähriban okyjylar! Size bagt ýyldyzyňyzyň nämeler diýýändigini bilesiňiz gelse, 22-nji fewraldaky täleýnamaňyzy okamagy maslahat berýäris. Çünki ýyldyzlaryň geljegimiz, şowlulyklarymyz barada diýseň köp zatlary aýdyp bilýändigi hemmelere mälimdir.

Şeýle-de, mähriban okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Bu gün meýilnamalaryňyz şowly durmuşa geçer. Bu bolsa size täze güýç-kuwwat berer we özüňize bolan ynamyňyzy artdyrar. Başlan işiňiziň isleýşiňize görä tamamlanmagy mümkin. Siziň teklipleriňiz ýolbaşçylar tarapyndan goldaw tapar. Emma, ýürek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek, häzirki wagtda, maslahat berilmeýär. Ony soňky günlere goýsaňyz has gowy bolar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Bu gün öňüňizden çykjak käbir kynçylyklardan ýaňa siziň ýalňyş we töwekgelçilikli hereket etmegiňiz ähtimal. Wagtynda saklanmaklyk, gaharjaňlyga bol bermezlik maslahat berilýär. Diplomatiýa siziň häsiýetiňize känbir laýyk gelmeýän-de bolsa, bu gün ol size uly kömek eder. Emma günüň ikinji ýarymy ähli meseleleriň oňyn tarapdan çözülmegini wada berýär. Netijeleriniň sizi diýseň begendirjek iş saparlarynyň bolmagy mümkin.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Öz güýjüňizi we mümkinçilikleriňizi tertipleşdiriň, öňüňize goýan maksadyňyza okgunlylyk bilen gidiň, emma daş-töweregiňizdäkilere aşa talap ediji bolmaň. Işgärleriňizi we ýolbaşçylaryňyzy öz tarapyňyza çekmäge çalşyň. Şu ýagdaýda siziň öňüňizde täze mümkinçilikleriň açylmagy ähtimal. Çagalaryň terbiýelenişine, olaryň güýmenjelerine we gatnaşýan deň-duşlaryna aýratyn üns beriň. Olar bilen deňhukukly gatnaşyklary gurmakdan gorkmaň.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Ýolbaşçylaryňyz, kärdeşleriňiz bilen baglanyşan ähli ylalaşyklary gözden geçiriň. Häzir size başlan işiňizden ýa-da berlen teklipden ýüz öwürmek has gowy bolmagy ähtimal. Bu gün siziň ähli zady — daş keşbiňizden başlap, içki, ruhy taraplaryňyza çenli üýtgetmeklige güýçli islegiňiziň döremegi mümkin.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Güýçli energiýaňyz siziň işewürlik ukybyňyza täsir eder. Siziň öz maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmegi üçin ýolbaşçylaryň goldawyny almagyňyz ähtimal. Möhüm meseleler dogrusyndaky işleri soňa goýmak maslahat berilmeýär. Şu günden başlap, ähli zada çynlakaý çemeleşmäge başlaň. Garaşylmadyk, ýakymly habaryň gelmek ähtimallygy ýokarydyr.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Şu günki başlanan ähli işler şowly bolar. Ýöne beýle şowlulyklaryň özüňe ägirt uly göwnüýetmekligi, hondanbärsiligi doredýändigini-de ýatdan çykarmaly däldir. Siziň özüňize bolan beýle ýokary garaýşyňyz köp ýakymsyzlyklary döreder. Güýç ulanmaklygyňyzy kontrolda saklaň. Çünki siziň bu häsiýetleriňiz daş-töweregiňizdäkileriň degnasyna degip biler.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Bu gün kyn we wajyp işleri etmekden ýüz öwrüň. Siziň abraýyňyza uly zeper ýetirjek wakalaryň bolmagy ähtimal. Size özüňiziň islendik tarapdan bagly bolýan adamlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyzy doly derejede tertiplerşdirmek zerurdyr. Günüň ikinji ýarymynda çagalar bilen düşünişmezlikleriň bolmagy ähtimal. Size öz paýhaslylygyňyzy we sabyrlylygyňyzy görkezmek zerurdyr.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Bolýan wakalara akylly-başly baha bermek ýalňyşlyklary ýeňip geçmäge kömek eder. Başlangyçlaryňyzyň örüsini has giňeltmek barada pikir etmezden, dynç alşyňyzy meýilleşdirmezden ozal, mümkinçilikleriňizi gowy seljermek zerurdyr. Öz maksatlaryňyz barada her kime gürrüň bermek maslahat berilmeýär. Çünki şeýle etmek bilen, siz özüňize ýamanlyk isleýän adamlaryň ünsüni çekip bilersiňiz. Häzirki wagtda ýolbaşçylar we kärdeşleriňiz bilen gowy gatnaşyklary saklamak diýseň möhümdir. Ýanyňyzdaky adam size erbet keýpiňizden dynmaga komek edip biler.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Bu gün is saparlary, syýahat etmek üçin amatlydyr. Işde keýpiňiz pes bolar. Çünki öz içki pikirleriňize gümra bolmagyňyz we ozalky günlerde bolup geçen romantiki gatnaşyklar size bar ünsüňizi işe jemlemäge päsgelçilik döreder. Bu ýagdaýlar sebäpli bolsa, käbir adamlaryň göwnüne degip bilersiňiz. Soýgüli adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyzda ünsli boluň. Mümkin boldugyça çydamlylyk gorkeziň.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Passiw gün. Bu gün islendik adam bilen gatnaşyklaryňyzda ozüňizi saklajak boluň. Çünki siziň agressiw hereketleriňiziň geçen hepde-de gazanan üstünlikleriňiziň dowam edilmegine päsgel berer. Ähli kynçylyklary paýhaslylyk bilen seljeriň we kabul ediň. Günüň ikinji ýarymy size ýakymly duşuşyklary getirer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Siziň özüňize bolan aşa uly ynamyňyz özüni ödemezligi mümkin. Bu siziň işdäki we maşgaladaky ýagdaýyňyza täsirini ýetirer. Günüň ikinji ýarymynda durnuksyz keýpiňiziň bolmak ähtimallygy ýokary bolar, siziň daşky dünýä bilen gatnaşyk saklasyňyz gelmez, içki gopgun has-da möwjär. Siz bu ýakymsyz duýgylardan baş alyp çykmaly bolarsyňyz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Ägä boluň, aşa köop energiýa ähli zatlary bulaşdyryp biler. Daş-töweregiňizdäkiler bilen gatnaşyklarda özüňizi saklap bilmezligiňiziň, şeýlelikde ýagdaýy dawa-jenjele ýetirmegiňiziň ähtimallygy ýokary. Ýoldaşyňyz bilen gatnaşykda garaşsyzlygyňyzy netijeli ulanjak boluň. Çünki siziň işiňiziň ilerlemegi köp babatda olara bagly bolar. Garşy jynsyň wekili bilen gatnaşyk we emosional durmuş, umuman, wakalaryň gidişine bagly bolar.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Russiýada iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

01-nji Sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

31-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

30-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2024;Hepdelik täleýnama (26-njy awgust-1-nji sentýabr )

27-nji Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Awgust ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama