Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen nobatdan daşary mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Ýurduň Konstitusiýasyna hem-de kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny geçirmek bellenildi. Kodeksiň bu maddasy möhletinden öň saýlawlary geçirmek bilen baglanyşyklydyr.
Şeýlelikde, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar 2022-nji ýylyň 14-nji fewralyndan başlap, birnäçe tapgyrlary — dalaşgärleri hödürlemegi, olary hasaba almagy, saýlawçylar bilen duşuşyklary we beýlekileri öz içine alýan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan edýär. Mejlisiň dowamynda saýlawlara taýýarlyk görmek hem-de olary geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasy tassyklanyldy. Habar berlişi ýaly, saýlawlaryň geçirilişine diňe bir syýasy partiýalaryň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň milli synçylary bilen birlikde halkara bilermenler we synçylar hem syn ederler.
Saýlawlary guramaçylykly geçirmek bilen bagly işlere şu gün badalga berildi. 14-nji fewraldan bolsa syýasy partiýalar hem-de raýatlaryň teklipçiler toparlary ýokary döwlet wezipesine özleriniň dalaşgärlerini hödürlemek boýunça ýygnaklary geçirip başlarlar.
Peýdaly we gyzykly habarlary okamak üçin şu ýere basyp, saýtymyzyň Applikasiýasyny mugt ýükläp alyň!
Daşary ýurtlarda bilim almak üçin resminamalaryň terjimesi boýunça Makul Hyzmat Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz.