SIZDEN GELENLER

Ylym –  ösüşlere badalga

Ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi,

halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp                                    

babatda milli ylmymyzyň ösüş derejesine baglydyr

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

 Alym Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilýär. Ýurdumyzda ýokary döwlet edarasy – Ylymlar Akademiýasy hereket edýär. Bu Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylygynda döwletiň ylmy-tehniki binýady kämilleşdirilýär. Ýokary Geňeşiň ylym we tehnika bölüminiň esasynda ylym we tehnika gaznasynyň düýbi tutuldy. Ýokary komitet ýörite ugurlar boýunça geňeş bilen birlikde işleri alyp barýar.

Häzirki wagtda ýokary okuw mekdeplerinde Ýaş alymlaryň Geňeşi işjeň hereket edýär. Onuň işine talyplar we olaryň halypa mugallymlary gatnaşýarlar. Şu ýyl Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilenine şu ýyl 5 ýyl doldy. Bu merkeziň esasy wezipesi ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň höwesini we başlangyçlaryny goldamaga, olary ilerletmäge we durmuşa geçirmäge, ýaşlaryň halkara maslahatlaryna we duşuşyklara, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge we täzelikleriň maglumat binýadyny döretmäge gönükdirilendir.

Bu Ýaş alymlar merkeziniň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň uly mejlisler zalynda “Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda ýaş alymlaryň orny” atly ylmy-amaly maslahatynyň we ýaşlaryň ylmy-barlag işleriniň, oýlap tapyşlarynyň sergisi we maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn ylmy edaralaryň halypa alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ýaş alymlary we aspirantlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mähriban Prezidentimiz ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň gazananlaryny durmuşyň ähli ugurlaryna gönükdirmegi, hususan-da, ykdysadyýeti ösýän kuwwatly döwleti döretmegi baş maksatda goýýar. Ine, şu nukdaýnazardan döwlet Baştutanymyzyň düýpli özgertmeleri bilen milli ykdysadyýetiň täze-täze pudaklary we düzümleri döredilýär.

Ýaş alymlaryň alyp barýan ylmy-barlag işlerini önümçilige ornaşdyrmak ugrunda birnäçe tagallalar amal edilýär. Ýaş alymlaryň döreden ylmy  taslama işleriniň möçberi ýyl-ýyldan artýar. Türkmenistanyň ylym ulgamyny ösdürmek baradaky döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, ylmy işleri goramak baradaky döredilen Ýaş alymlaryň Merkezi Geňeşi akademiki institutlaryň laboratoriýalarynda ylmy barlaglaryň toplumyny amala aşyrmaga ýardam berýan döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek, şol sanda fizika, himiýa, biotehnologiýa, ekologiýa we beýleki pudaklarda alnyp barylýan işleriň hemmesi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny ösdürmäge ýardam edýär. Hormatly Prezidentimiz bu babatda: ”Häzirki wagtda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny örän uludyr” diýip muny aýdyň tekrarlaýar.

Ogulşat Hudaýberenowa

Seýitnazar Seýdi adyndaky

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň

jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Öwezgeldi Tekäýew: daglara siňen aýdymlar

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany