“Audi” awtoulag kompaniýasy “Neckarsulm” desgalarynda ýerine ýetirilen taslamada ýokary göwrümli önümçilikdäki kebşirleýiş hilini emeli intellekt gözegçilik edip başlady. Ulgam, “Volkswagen Group” tarapyndan “Siemens” we “Amazon Web Services” (AWS) bilen bilelikde işlenip düzülen “Senagat buludynyň” bir bölegi hökmünde işleýär we ýakyn döwürlerde beýleki ýerlerde ulanylmagy meýilleşdirilýär.
Emeli intellektini önümçilik prosesine goşmak üçin köp sanly taslamany dowam etdirýän “Audi”, “Neckarsulm” desgalarynda täze synag taslamasyna gol çekýär. Taslama, ýokary öndürijilikli modellerde emeli intellektli menek kebşirlemeleriň hiline gözegçilik etmeklige esaslanýar. “Audi A6” -yň korpusyny emele getirýän böleklere 5300 töweregi kebşirlemek birleşdirilýär. Şu wagta çenli bu nokat kebşirlemelerine gözegçilik tötänleýin derňew we el bilen ultrases usullaryny ulanmak bilen önümçilik işgärleri tarapyndan amala aşyrylýardy.
Täze taslama bilen önümçilik, innowasiýa dolandyryşy, sanlylaşdyrma meýilnamalaşdyryş we “IT” ugurlary boýunça hünärmenler, kebşirleýişleriň hilini kesgitlemegiň has akylly we has çalt usulyny barlaýarlar. “Neckarsulm” desgasyndaky “WPS Analitika” synag taslamasynyň bir bölegi hökmünde Matias Maýeriň we Andreas Riekeriň ýolbaşçylygyndaky topar hil anomaliýalaryny awtomatiki we hakyky wagtda ýüze çykarmak üçin emeli intellekt (AI) ulanýar. Taslama barada maglumat beren we ýetilen sepgitden diýseň hoşaldygyny aýdýan “AUDI AG”-nyň önümçilik we logistika üpjünçiligini dolandyrmak sanlaşdyryş bölüminiň başlygy Maýkl Haeffner: “Volkswagen toparynda sanly önümçilik we logistika üçin synag desgasy hökmünde, maksadymyz köpçülikleýin önümçilik tapgyrynda ulanyljak sanly çözgütleri işläp düzmek we “AI”-ni ulanmak bilen bu ýerde “Audi” -ni we onuň pozisiýasyny geljege laýyklaşdyrjak möhüm tehnologiýany synagdan geçirýäris” -diýdi.
Taslamanyň esasynda, “Neckarsulm” desgasynda öndürilýän “Audi A6” we “A7” modelleriniň beden önümçiliginde synag edilýän algoritmde hil derňewi üçin ulanylýan grafiki ulanyjy interfeýsi we programma bar. Taslama bilen, bu algoritmiň geljekde beden ýasalýan mahaly kebşirleýiş nokatlarynyň hemmesini diýen ýaly seljermegi maksat edinilýär. Şeýlelik bilen, kebşirleýiş işleriniň hiline awtomatiki gözegçilik etmek we geljekde yzygiderli optimizirlenip biljekdigini üpjün etmek maksat edinilýär.
Bäş ýyl bäri “AI”-ni önümçilikde ulanmagyň üstünde işleýändiklerini mälim eden Matias Maýer: “WPS Analitikany ulanmak tolgundyryjy pursat. Şeýle hem algoritm önümçilikdäki beýleki amaly programmalar üçin meýilnama hökmünde çykyş edýär. Şeýle hem, ‘Ukyply-öňüni alyş hyzmaty’ ýaly bar bolan sanly çözgütlerde öňegidişlik gazanmaga mümkinçilik berýär”.
“Audi” indiki ýylyň başynda “Ingolstadt” metbugat zawodynda önümçilik proseslerini has netijeli etmek üçin algoritm ulanýan başga bir programmany işe girizmegi meýilleşdirýär. Ulagyň bedenindäki çatryklar ýaly hil kemçiliklerini ýüze çykarmak üçin emeli intellekt ulanylar. Bu taslama, şeýle hem, sanly zawodyň üýtgemegi we innowasiýa üçin “Audi” -iň global başarnyk ulgamy bolan “Awtoulag başlangyjy 2025” (AI25) üçin görelde bolar. “Audi” -iň esasy maksady, önümçiligi we logistikany sanlylaşdyrmak arkaly has çeýe we täsirli etmekdir.