SIZDEN GELENLER

Stiw Jobsuň aýdan parasatly sözleri

Stiw Jobs özüniň ýaşan döwründe täzelikçi hökmünde uly meşhurlyga eýedir. Ol ökde telekeçi we öňdengörüji adam hasaplanylýar. Stiw Jobs öz duýgularyňa eýermek we gysga wagtyň dowamynda her bir pursady netijeli peýdalanmak barada birnäçe ajaýyp sözleri miras galdyran şahsyýetdir.

Stiw Jobsuň aýdan sözleri:

  • Içiňizdäki uçgunyň sönmegine we sizi ýakýan hyjuwyň ölmegine ýol bermäň;
  • Öz duýgularyňyza eýermek üçin batyrgaý boluň. Öz gorkyňyzyň we päsgelçilikleriňiziň üstünde işläň;
  • Töwekgelçilik ediň we beýlekileriň edip bilmejek zatlaryny etmäge synanşyň;
  • Her bir adamyň öz dünýäsini üýtgedip biljek içki duýgulary bardyr;
  • “Käwagt täzelik edeniňde ýalňyşlyk goýberýärsiň. Täzelikleri çalt kabul etmek we olary baýlaşdyrmak iň gowusydyr”. Ýalňyşlyklar goýberilende boýun alyň we indiki pikirleriňiz barada oýlanyň;
  • “Durmuşda iň halaýan zatlaryň üçin pul gerek däl. Ählimiziň iň gymmatly zadymyzyň wagtdygy hemmämize düşnüklidir”. Her bir adamyň bir günde 24 sagat wagty bardyr. Wagtyňyzy paýhasly geçirmäge synanyşyň;
  • Özüňize tutanýerliligi, erjelligi we wepalylygy hemra ediniň;
  • Her bir adamyň jemgyýetiň ösüşine goşant goşup biljek özboluşly zehini bardyr.

 

Terjime eden:

Gurbanmyradow Güýçmyrat,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň

Diller kafedrasynyň mugallymy.

 

Eýranyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk