JEMGYÝET

Türki dünýäsiniň guramalarynyň ýolbaşçylaryndan Täze ýyl gutlagy

Türki dünýäsiniň guramalary – Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew hem-de Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinow hormatly Prezidentimize Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli gutlag hatlaryny iberdi.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň gutlagynda şeýle diýilýär: 

– Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de 2022-nji ýylyň Türkmenistanyň halkyna jan saglyk, parahatçylyk we bagtyýarlyk getirmegi baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagynda döwlet Baştutanlarynyň Stambulda üstünlikli geçen taryhy sammitiniň doganlyk Türkmenistanyň gurama synçy hökmünde goşulmagy bilen şanlanandygyny bellemek isleýärin.

Dekabr aýynda Aşgabatda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek Siziň Alyhezretiňize hoşallygymy beýan edýärin.

Bu duşuşygyň türki dünýäniň özara baglanyşygynyň ähmiýetli görkezijisi hem-de Siziň Alyhezretiňiziň Stambul sammitinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada öňe süren teklipleriňizi ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, biziň guramamyzyň işine yzygiderli goldaw berýändigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek hoşallygymy beýan etmek isleýärin we 2022-nji ýylyň biziň sebitimiz, ýurtlarymyz, tutuş adamzat üçin üstünlikli bolmagyny arzuw edýärin.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Dýusen Kaseinowyň gutlagynda bolsa hususan-da şeýle diýilýär:

 – Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň türki dünýä berýän uly ähmiýetiňiz doganlyk türki halklary medeni, durmuş we ykdysady ugurlarda birleşdirmekde, şeýle hem dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

 

Türkmenistan çagalara sanjym geçirmekde Merkezi Aziýada öňde barýar

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy