SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

THY: Stambul-Aşgabat-Stambul uçar gatnawy meýilleşdirilýär

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki şahamçasy tarapyndan “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyna gelip gowşan täze maglumata görä, bu kompaniýa şu ýylyň 22-nji noýabrynda Stambul-Aşgabat-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli uçar gatnawlarynyň çäklendirilen döwürde ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

Bu nobatdaky uçar gatnawy barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Konsullyk gullugynyň “Telegram” jemgyýetçilik torundaky hasabynda hem maglumat ýerleşdirilipdir. Şol maglumata görä, Türkiýäniň üsti bilen Russiýa gitmek isleýänleriň bu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi bellenilýär.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasyna gitmäge esasnamasy bolan Russiýanyň we daşary ýurduň raýatlarynyň şu gatnawdan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar. Şeýle hem maglumatda bu barada has içgin maglumat almak üçin “Türkhowaýollary” kompaniýasy kassasyna ýüz tutulyp bilinjekdigi bellenilýär.

Russiýa gitjekler üçin wiza almagyň düzgünleriniň Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilendigi habar berlipdir.

Umuman, dünýädäki koronawirus pandemiýasy sebäpli halkara gatnawlaryndaky dowam edýän çäklendirmeler sebäpli awiakompaniýalar ýörite uçar gatnawlaryny amala aşyrýar.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy bilen bir hatarda Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy hem-de Türkiýäniň “Türkhowaýollary” kompaniýasy ýörite gatnawlary ýerine ýetirýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda hem-de 6-njy noýabrynda Aşgabat-Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny ýerine ýetirdi.

Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy bolsa Türkmenistandan Moskwa şäherine 26-njy ýörite uçar gatnawyny 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda amala aşyrypdy we 19-njy noýabrda ýene-de bir gatnawy göz öňünde tutýar.

 

Türkmenabatdan Moskwa nobatdaky ýörite uçar gatnawy

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy