SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

ABŞ-da “Covid-19” güýçlendiriji sanjymlaryň peýdasy 3 aýry barlag bilen tassyklandy

ABŞ-nyň kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleri tarapyndan geçirilen üç sany täze gözleg, “Covid-19” -yň “Omicron” görnüşine garşy iň oňat öňüni alyş usulynyň üçünji dozaly sanjymlardygyny ýüze çykardy.

Geçirilen işlerde güýçlendiriji sanjymlaryň ABŞ-daky “Covid-19” keseliniň 99 göteriminden gowragyny “Omicron” görnüşine garşy iň gowy gorag usulydygy barada netijä gelindi.

ABŞ-nyň 10 ştatynda takmynan 88,000 hadysany gözden geçiren gözlegde, 2021-nji ýylyň dekabrynda we 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda sanjymyň üçünji dozasynyň hassahana ýerleşdirilmeginiň öňüni alýandygy we sanjymyň ikinji dozasy 6 aýdan soň gorag täsiriniň 57 göterime çenli peselendigi anyklandy.

Saglygy goraýyş gullugynyň 10 ştatda 200,000-den gowrak hadysany gözden geçiren ikinji gözleginde, güýçlendiriji sanjymlaryň “Covid-19”-a gyssagly kömek otaglarynyň kabul edilmeginiň öňüni almakda 82 göterim täsir edýändigi barada netijä gelindi.

Şol gözlegde, 6 aý ýa-da ondan ozal ikinji sanjym dozasy bolan ýagdaýlarda munuň hassahana ýerleşdirilmeginiň 38 göterim öňüni alyp biljekdigi aýan edildi.

ABŞ-nyň kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) üçünji gözleginde, güýçlendiriji sanjymy alan adamlarda “Omicron” görnüşini almak ähtimallygynyň her 100 müňe 149-a ýetendigi, iki dozada sanjymda bu görkezijiniň 255-e çenli ýokarlanandygy anyklandy.

“Hello Türkiye” atly kompaniýa

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 1-nji iýuna çenli ýatyryldy

Aşgabat-Awaza ugry boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary başlanýar

4 aýda Özbegistana 4 milliondan gowrak syýahatçy geldi

“RŽD” Türkmenistana bolan syýahatçylyk ugurlaryna gyzyklanma bildirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurta uçuşlary 3-nji terminaldan ýerine ýetiriler

Azerbaýjan bilen Gazagystan bilelikdäki syýahatçylyk kompaniýasyny döretdi