TEHNOLOGIÝA

Ženewa-2022” awtosergisi ýatyryldy

Dünýäniň abraýly awtoulag sergileriniň biri bolan Ženewa awtosergisiniň 2022-nji ýyldakysy hem  ýatyryldy. Serginiň guramaçylary “Covid-19” pandemiýasynyň pudakda döreden meseleleriniň fewral aýynda göz öňünde tutulýan çäräni ýatyrmaga mejbur edendini mälim etdiler. Ýolbaşçylar pandemiýa bilen gönüden-göni meseleleriň özlerini çykgynsyz ýagdaýa salandygyny aýdyp, bu serginiň 2023-nji ýylda has täsirli ýagdaýda geçirilmegi üçin işlejekdiklerini bellediler.

Alnan kararyň sergini ýatyrylmagy däl-de, yza süýşürilmegi hökmünde garaýandyklaryna ünsi çeken serginiň başlygy Mauris Turrettini 2023-nji ýylda has güýçli ýagdaýda dolanjakdyklaryny aýtdy.

Geçen ýylyň 5-15-nji marty aralygynda 90-njy  Ženewa awtoulag sergisi hem pandemiýa sebäpli ýatyrylypdy.

Milletler Ligasy finaly: Ispaniýa-Fransiýa

 

Related posts

Bir döwrüň soňy: “BlackBerry” 22 ýyldan soň enjamlaryna goldawy kesýär

NASA: ABŞ 2030-njy ýyllaryň başynda adamları Marsa ibermegi meýilleşdirýär

“Sanly çözgüt-2021” bäsleşigi geçiriler