SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hindistan 18 aýdan soň syýahatçylara açylar

Hindistan hökümetiniň habar bermegine görä, Hindistan “Covid-19” pandemiýasy sebäpli 18 aýlyk arakesmeden soň daşary ýurtly myhmanlar üçin syýahat wizasyny berip başlar.

Hindistanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat beýanatyna görä, ýörite uçar gatnawy bilen gelýän syýahatçylar 15-nji oktýabrdan başlap gelip bilerler, emma beýleki syýahatçylara bolsa 15-nji noýabrdan soň rugsat berler diýilýär.

Resmi maglumatlara görä, pandemiýadan bir ýyl öň, Hindistan 2019-njy ýylda 10,6 million daşary ýurtly syýahatçyny garşy aldy. 2018-nji ýylda syýahatçylykdan gazanan girdejisi 28,6 milliard dollar boldy.

Şu ýylyň başynda Hindistan “Covid-19” pandemiýasy sebäpli örän çylşyrymly ýagdaýy başdan geçiripdi. Hindistana geljek syýahatçylara ozal doly sanjym edilmelidigi aýdylýar.

Daniel Kreýg Golliwudyň ýyldyzlar seýilgähinde

 

Related posts

Ýas pasly diýip, arkaýynlaşmaň!

Daşary ýurtly türgenlere mugt sanjym ediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenabat-Moskwa ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Ata Watan Eserleri