MEDENIÝET

Ýüzümizi arassalamak üçin ýapgy taýýarlamak

  • Bir ýumurtganyň agyny köpürjikleýänçe çalmaly. Soňra ony ýüze çalyp, guraýança garaşmaly. Gurandan soň ýapgymyzy ýuwup aýyrmaly. Bu ýüzdäki öýjükleriň azalmagyna kömek edýär. Ýapgy ýüzi arassalaýar, ýüzümiziň ýaglanmasynyň öňüni alýar.
  • Ýarty hyýar, iki nahar çemçe süýt , 1 nahar çemçe bal, 1 çaý çemçe şeker arkaly ýüzümize ýapgy taýýarlap bolýar. Hyýaryň gabygyny aýyrmaly we gyrgyçdan geçirip ezmeli. Süýdi, baly we şekeri garyşdyryp, ezilen hyýaryň üstüne goşmaly. Ýapgyny ýüzüňize çalyp, 20 minut saklap, soňra ýuwmaly. Bu ýapgyny hepdede 1 ýa 2 gezek ulanyp bilersiňiz. Hyýar ýüzüňize öwüşgin berer, deriňizi arassalar we ýylmanak eder.
  • Bir ýumurtganyň sarysyny, 1 nahar çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly. Taýýar bolan ýapgyny 25 minut saklap, soňra mylaýym suw bilen ýuwmaly. Ýapgy ýygyrt atýan,  guran derili ýüzleri nemlemdirmäge kömek edýär.
  • Iki nahar çemçesi aloe şiresini 1 nahar çemçe gaýmak we 1 çaý çemçe zeýtun ýagy bilen garmaly.  Soňra ony ýüzüňize , boýnuňyza çalyp, 30 minut saklamaly. Ýapgy ýüzüňizi ýumşadar, ýygyrtlaryň aýrylmagyna ýardam eder.

 

Moda bilen gyzyklanýanlar üçin täsin maglumatlar

Ýene-de okaň

Medeniýet hepdeligi 2027-nji ýylda Daşoguz welaýatynda geçiriler

Türkmen wekiliýeti “Merkezi Aziýa+” kino forumyna gatnaşdy

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berdi

Ata Watan Eserleri

Ýewraziýa döwletleriniň muzeý ýolbaşçylarynyň Birinji forumy geçirildi

Çary Berdiýew Russiýadaky kinofestiwalda baş baýraga mynasyp boldy

«Magtymguly Pyragy» filmi Russiýada baýraga mynasyp boldy