MEDENIÝET

Kanýe Uest aýdym-saz taryhyna girdi

Ejesiniň adyny göterýän “Donda” albomy bilen aýdym-saz ýazgylarynda üstünlik gazanan, 44 ýaşly amerikan aýdymçysy Kanye Uest, 10-njy gezek “Billboard’s Top 200”-de albomyny birinji orna çykarmagy başaran ýedinji adam hökmünde aýdym-saz taryhyna girdi.

Albom ilkinji 24 sagadyň dowamynda “Spotify”-da 100 million sapar diňlenilip, bir günde platformada iň köp diňlenen ikinji albom bolup çykyş etdi.

Aýdymçynyň 29-njy awgustda çykan “Donda” albomy şu wagta çenli satuw sany 309 müňe ýetip sanly platformalarda dünýäde 775 million gezekden gowrak diňlendi.

Bu albom “Spotify”-da 442 million we “Apple Music”-de 242 million gezek diňlenme rekordyny gazanmagy başardy.

“Billboard 200” diagrammasynyň 65 ýyllyk taryhynda  “Beatles” 19 gezek, “Jay-Z” 14 gezek, Brýus Springsteen we Barbra Streisand 11 gezek birinjilige eýe boldy. Kanye Uest bolsa Eminem we Elvis Presley ýaly 10-njy gezek birinjiligi gazanan aýdymçy boldy.

 

Smartfon arkaly infeksiýa geçip biler

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi