Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda birnäçe desgalaryň, şol sanda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän täze gulan Hökümet münberiniň açylmagy mynasybetli 16-njy sentýabrda guraljak medeni çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Häzirki wagtda iň täze sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak arkaly täze desganyň bezeg işleri amala aşyrylýar. Munuň özi Hökümet münberinde geçirilmegi meýilleşdirilýän baýramçylyk çäreleriniň köp öwüşginli bolmagyny üpjün eder.
Bu ýerde 27-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly senesine gabatlanyp, esasy dabaralar, şol sanda harby ýöriş hem-de ykdysadyýetiň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň üstünlikleriniň gözden geçirilişi guralar.
Hökümet münberi öz ölçegleri bilen uly täsir galdyrýar. Tutýan meýdany 20 müň inedördül metrden gowrak bolan desga Gündogaryň köşk-ymarat gurluşygy usuly boýunça bina edilip, myhmanlar üçin 2 müň orunlyk münberi öz içine alýar.
Münberiň öňünde meýdança gurlup, onda dabaraly ýörişler hem-de giň gerimli çäreler, şol sanda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmegi mynasybetli dabaralar geçiriler.
4-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama