Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar.
Hut şul nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny” mysal getirmek bolar. Ýurtda sanly ulgama geçmeklikde bilim ulgamyna uly orun degişlidir.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet – jemgyýet – ylym – işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir. Şunda döwlet tarapyndan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, häzirki zaman dolandyryş ulgamyny ösdürmek, ylmyň ösmegine döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler öz möhümligi bilen tapawutlanýar. Täze tehnologiýalary döretmekde, olary ornaşdyrmakda ylym pudagynyň esasy orun eýeleýändiginden ugur alsak, onda alymlarymyzyň, inženerlerimiziň we beýleki hünärmenlerimiziň öňünde jogapkärli, döwlet bähbitli wezipeleriň durandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ylmy elita gatlagynyň üçden iki böleginiň ýokary okuw mekdeplerinde jemlenmegi bolsa, bu işe ýokary bilim edaralarynyň professor-mugallymlarynyň çekilmegini hem şertlendirýär.
Şunda Türkmenistanyň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girmegini üpjün etjek ýollaryň, ony amala aşyrmagyň mehanizminiň dogry kesgitlenmegi şeýle maksatnamanyň netijeli durmuşa geçiriljekdiginiň, netijede sanly gurşawyň kemala getiriljekdiginiň kepilidir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça bu maksatnamada ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary hünärmenlik derejesi bolan häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy hem ýüze çykýar.
Sanly ykdysadyýeti kemala getirmek uzak we çylşyrymly iş bolup, ony diňe bir administratiw çemeleşmeler arkaly ýa-da diňe bazar mehanizmlerine daýanmak bilen amala aşyrmak mümkin däl. Sanly ykdysadyýete geçmegiň guramaçylyk-hukuk çäreleri aýratynlykda alnanda hem bazar mehanizmlerine hem-de administratiw usullara gollanyp amala aşyrylmalydyr. Administratiw çemeleşmeler döwletiň ýolbaşçylygynda sanly ykdysadyýetiň infrastrukturasynyň döredilmegini we ykdysady subýektleriň zerur bolan sanynyň döredilmegine esaslanýar. Bazar mehanizmleri döwletiň sanly ykdysadyýetiň ösmegi üçin oňaýly şertleri döretmegini we hususy ulgamy şeýle şertlerden peýdalanmaga höweslendirmeklige esaslanýar. Bu ulgamy ösdürmek diňe bir biziň ýurdumyz üçin däl-de, eýsem häzirki döwürde bütin dünýäniň ykdysady jemgyýetçiliginiň öňünde durýan esasy möhüm wezipedir.
Hünärmenler sanly ykdysadyýeti häsiýetlendirýän bäş sany esasy häsiýetli alamatlary tapawutlandyrýarlar. Olaryň ilkinjisi hökmünde sanly ykdysadyýetiň platformalaryna esaslanýan ykdysady işidir. Platformanyň esasynda ýerine ýetirilýän bu işler onuň öndürijilerine sarp edijiler bilen göni aragatnaşykda bolmak arkaly isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Platforma işewürlik modeliniň esasynda işini gurnaýan kompaniýalarynyň mysaly hökmünde Uber и Airbnb ýaly kompaniýalary görkezmek bolar.
Ikinji model personifisirlenen hyzmat modelidir. Bu ýerde Big Data, targetirlenen marketing, 3D çap etme ýaly tehnologiýalar ulanylyp, olar her bir müşderiniň islegini aýratynlykda kanagatlandyrmaga gönüklendirlendir. Üçünji model öndürijiler bilen sarp edijileriň biri-biri bilen göniden-göni özara gatnaşykda bolmagyny üpjün edýär. Mysal hökmünde СroudMortgage, telefon programma üpjünçiligini görkezmek bolýar.
Dördünji modeliň düýp manysy ykdysadyýetde bilelikde peýdalanmagy ýaýratmakdan ybaratdyr. Bäşinji model bu şahsy gatnaşyjylaryň uly goşandynyň we ornunyň bolmagyna esaslanýan modelidir. Mysal üçin erkin ýerine ýetirijileriň öz şertnamalaýyn borçnamalaryny autsorsingde ýerine ýetirmegini, şeýle hem СrowdFunding başlangyçlary (kiсkstarter.сom, planeta.ru) degişlidir.
Ykdysady nazaryýet ylmynyň nukdaýnazaryndan teswirlenende, adat bolşy ýaly, ozal zähmet, kapital we çig mal önümçilik faktoryna degişli bolan bolsa, indi innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Näme üçin häzirki döwürde maglumatlaryň, onda-da sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar? Sebäbi häzirki döwürde maglumatlar täze aktiw hökmünde häsiýetlendirilýär we islendik aktiwiň gymmatlygynyň bolşy ýaly, onuň hem gymmatlygy bardyr. Ýagny maglumatlary täze maksatlary we täze ideýalary amala aşyrmak üçin ulanyp bolýar.
Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň ünsleriniň has-da artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar. Olar şulardan ybaratdyr:
birinjiden, sanly ykdysadyýete durnukly ösüşiň iteriji güýji hökmünde garalyp, ol ýurduň bäsleşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Çünki adam intellektiniň önümi bolan täze tehnikalara we tehnologiýalara islegleriň barha artmagy önümçiligiň bu ugruny düşewüntli edýär. Netijede, halkara zähmet bölünişiginde ýurduň tutýan orny has-da berkeýär.
ikinjiden, fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň garyşmasyny aňladýan dünýädäki dördünji senagat öwrülişigi ýurduň syýasy, durmuş we ykdysady ulgamlaryna özüniň güýçli täsirini ýetirýär.
Onuň netijesinde dörän täze mümkinçilikler diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna däl, eýsem, ilatyň ýaşaýyş hil derejesini kesgitleýän netijeleriň gazanylmagyna hem itergi berýär. Mysal üçin, adam saglygy üçin zyýanly bolan iş orunlarynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy adama gönükdirilen ýokary tehnologiýaly ykdysadyýetiň artykmaçlygyny görkezýär.
üçünjiden, munuň özi ýurduň tehnologik garaşsyzlygyny üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň özenini elektron senagatynyň düzýändigi hemmelere mälimdir. Häzirki döwürde elektron önümleriniň eksporty bäsleşige ukyplylygyň esasy görkezijisi bolup, ol ýurduň dünýä bazaryna goşulyşynyň çuňlugyny görkezýär. Halkara bilermenleriň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýetinde hut şu senagat pudagy bäsleşigiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy köp talap edýän we tehnologik taýdan çylşyrymly pudaklaryň biri hasaplanylýan milli elektron senagatyny ösdürmek ýurdumyzda häzirki döwürde alyp barýan ylmy-tehniki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi hut şu pudagyň netijelerine baglydyr.
dördünjiden, sanly ykdysadyýet korrupsiýa garşy göreşmegiň netijeli guralydyr. Hususan-da, häzirki döwürde dünýäniň köp ösen ýurtlarynda ornaşdyrylan we ornaşdyrylýan hem-de öz oňyn netijelerini berýän ”elektron hökümet” ulgamy ilata köp görnüşli döwlet hyzmatlarynyň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň işe girizilmegi bilen korrupsiýanyň azalýandygy, çünki onuň netijesinde korrupsiýanyň öňüni alýan «açyklygyň» berjaý edilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hut şu aýratynlyklar dünýä jemgyýetçiliginde bu ulgamyň döwlet bilen halkyň arasyndaky demokratik ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendirilmegine esas döretdi.
Biziň häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna-da sanlaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.
Umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýarlar.
Häzirki wagtda dürli durmuşy ýagdaýlaryň çözgüdini tapmak üçin raýata döwlet dolandyryş edaralary bilen fiziki aragatnaşyga girmek zerurlygy bar. Eýýäm çaga dogluş merkezinde çaganyň doglandygy baradaky maglumat ,,maglumatlaryň okeanyna’’ düşýär, ol ýerde onuň ,,sanly ekiztaýy’’ emele gelýär. Platforma hyzmatlary raýatlara dürli hyzmatlary hödürläp başlaýarlar. Mysal üçin, çaganyň dogulmagy bilen bagly berilýän kömek pullaryny onuň ejesiniň şahsy hasabyna geçirmek, çaganyň ata-enesiniň ýaşaýan salgysyna çaganyň dogluş hakyndaky şadatnamasynyň ugradylmagy ,,ýaşaýjylaryň elektron reýestrini’’ awtomatik usulda täzelemek we çagany mekdebe çenli çagalar edarasyna ýazmak. 16 ýyl geçenden soňra platforma serwisi çagany pasport almak üçin ilaty pastportlaşdyryş we hasaba alyş gulluga çagyrýar. Çaganyň kemala gelşi we ösüşi barada maglumatlaryň girizilmegi bolsa, olary geljekde haýsy ugur boýunça taýýarlamagy çaklamaga mümkinçilik berýär.
Enegül Annamyradowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiñ
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary 2-nji ýyl talyby.