SIZDEN GELENLER

19-njy awgust Bütindünýä fotosurat güni

Fotokamera özboluşly hadysadyr. Sebäbi olarda gyzykly wakalary, ajaýyp ýerleri, hiç haçan gaýtalanmajak pursatlary suratlandyryp bileris… Biz şol suratlara seredip yzda galan günlerimize, indi gaýtalanmajak ýyllara hyýaly gaýdyp bileris, sebäbi suratlary synlanymyzda durmuşymyzyň ajaýyp pursatlary göz öňümize gelýär. Mundan başda-da birnäçe adamlar üçin fotosurat bilen meşgullanmak diňe bir güýmenje däl, eýsem hünar hem sungatdyr.

Her ýylyň 19-njy awgustynda “Bütindünýä fotosurat güni” (World Photography Day) bellenilip geçilýär. 1839-njy ýylyň 19-njy awgustynda  suraty çap etmegiň  “dagerrotipiýa – (kümüş bilen örtülen plastinkada şekil alyş) usuly hödürlenýär. Bu oýlap tapyş Lui Mande Dagera degişli bolup, ol bu oýlap tapyşyna “dünýä sowgat” diýip at berýär. Soňra 2009-njy ýylda Awstraliýaly fotosuratçy Korske Ara tarapyndan  esaslandyrylyp, her ýyl  fotosurat güni bellenilip geçilýär.

Häzirki wagtda durmuşymyzyň ähli ugurlarynda diýen ýaly berk ornaşan fotosuratyň uzak taryhy bar. Has dogrysy, belli bir surata almak 1820-nji ýyllaryň başynda fransuz oýlap tapyjysy Jozef Niepse başardýar. Soňky ýyllarda alymlar dürli usullarda  surata düşürmek prossesini kämilleşdirmegi dowam edipdirler. 1861-nji ýylda Jeýms Makswella reňkli fotosuraty almagy başarypdyr. 1981-nji ýylda “Sony” kompaniýasy tarapyndan sanly fotokameranyň döredilmegi bilen sanly suratlary düşürmäge ýardam beripdir. XIX asyryň ahyrynda Amerikaly oýlap tapyjy Jorj Isman “Kodak” fotoapparatyny döredýär.

Durmuşymyzy düýbünden pikir edip bolmajak derejede üýtgeden, oýlap tapyşlaryň biri bolan – fotosurata eýýäm 181 ýyl. Häzirki wagtda fotosurat diňe bir adaty  adamlaryň durmuşynda däl-de, eýsem lukmançylykda,  metbugatda, kazyýet işinde we başda-da birnäçe ugurlarda giňden peýdalanylýar. Elbetde, fotosurat bilen meşgullanmagy özüne kär edip saýlanlaryň durmuşynda has uly orun tutýar, sebäbi olaryň işine sungat diýip atlandyryp bolýar.

Umuman, Bütindünýä surat güni surata düşmegi we surata almagy halaýanlaryň baýramçylygydyr. Şonuň üçin bu gün islendik usuly saýlap alyňda ýatdan çykmajak pursatlary, ajaýyp görnüşleri surata düşüriň.

Gunça HAMEDOWA,

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary

 institutynyň Halkara žurnalistikasy

fakultetiniň talyby

 

 

Adam we adamkärçilik mertebeleri hakynda nakyllar Iňlis dilinde

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragy ýyly ösüşlere beslendi

Türkmenistan – ygtybarly halkara ykdysady hyzmatdaş

Bank ulgamynyň döwrebap ösüşleri

Saglyk – abadançylyk

Magtymguly Pyragy – dünýä edebiýatynyň parlak ýyldyzy

Magtymguly Pyragy – türkmen şygryýetiniň zergäri