SPORT

Messi “Barselona” toparyndan gitdi

“Altyn pökgi” baýragyny 6 gezek eýelän argentinaly Lionel Messi özüni ýyldyza öwren Ispaniýanyň “Barselona” toparyndan gitdi. Ol “Barselona” topary bilen täze şertnama baglaşmaýar. Bu barada ispan toparynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Şu ýylyň iýulynda Messiniň bu topary bilen şertnamasy tamamlanypdy. Kopa Amerika ýaryşyndan soňra Messi bilen toparyň arasynda täze şertnama baglaşylmagyna garaşylýardy. Emma ol başa barmady. Topar Messi bilen şertnama baglaşmak üçin Ispaniýanyň “La Liga” milli çempionatynyň düzgünleri hem-de ykdysady ýagdaýlary bilen ylalaşmak mümkinçiligine eýe bolup bilmedi.

– Netijede, Messi “Barselonadan” gidýär. Her iki tarap bu ýagdaýa çuňňur gynanýar. Futbolçynyň we toparyň islegi başa barmady. “Barselona” topary Messä toparyň abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda eden tagallalary üçin minnetdarlyk bildirýär – diýlip, toparyň beýanatynda bellenilip geçilýär.

34 ýaşly Messiniň topar bilen şertnamasynyň möhleti 30-njy iýunda dolupdy. 2004-nji ýyldna bäri çykyş edip gelýän toparyny terk edýän Messi “Barselona” bilen 9 gezek Ispaniýanyň çempiony bolup, 7 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy.

Messi “Barselona” topary bilen 778 duşuşyk, 672 geçiren goly, 305 netijeli pasy hem-de gazanan 35 kubogy bilen ýatda galar.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy başlaýar

 

Ýene-de okaň

Tramp Ronaldo bilen duşuşdy

PSŽ-niň goragçysy Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy boldy

Kýurasao dünýä çempionatyna gatnaşýan iň az ilatly ýurt boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatyna gatnaşjak 42 milli ýygyndy belli boldy

Norwegiýa 27 ýyldan soň ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Mahaçew hem rekord goýdy hem-de çempionlyk guşagyny gazandy