TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÇEPERÇILIK AKADEMIÝASY
2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
- Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr–bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; dizaýn; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).
- Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).
- Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
- Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; teatr–bezeg nakgaşçylygy; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti; animasiýa we grafika dizaýny).
- Binagärlik (hünär: binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).
Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda diplomyň tassyklanan göçürmesi;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Mary welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;
Lebap welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 3-i we 4-i günleri;
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri;
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 11-12-si, 13-i we 14-i günleri;
Balkan welaýaty — awgust aýynyň 16-sy, 17-si we 18-i günleri;
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 20-si, 21-i we 22-si günleri.
Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:
hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr–bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi; animasiýa we grafika dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022–nji (A.Nowaýy) köçe, 90,
tel.: 92–56–41, 92–31–19, 92–25–08.
“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.
Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
“Makul Terjime” telefony:
+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55
Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401
E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com