BILIM

Türkmen döwlet medeniýet instituty : Talyp: 2021

 

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTY

2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

 Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Sahna sungaty we edebi döredijiligi (taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (milli tans toparyny guramak we dolandyrmak); dramaturgiýa).

Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (telewideniýe režissurasy); telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak); kitaphana işi; telewideniýe (operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); kitaphanamaglumat işleri; telewideniýe žurnalistikasy).
  2. Medeniýeti öwreniş we durmuş-medeni taslamalar (taýýarlygyň ugurlary: muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; medeniýeti öwreniş; durmuş medeni işler (höwesjeň aýdymsaz toparyny guramak we dolandyrmak); art-menejment).
  3. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (taýýarlygyň ugry: rejelemek işi).
  4. Kino sungaty (taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; yşyklandyrma tehnologiýasy; kino režissurasy).
  5. Taryh we arheologiýa (taýýarlygyň ugurlary: arheologiýa; resminama we arhiw öwreniş).
  6. Serwis we syýahatçylyk (taýýarlygyň ugurlary: myhmanhana işi; syýahatçylyk).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda diplomyň tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

Lebap welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;

Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-si, 3-i we 4-i günleri;

Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 7-si we 8-i günleri;

Balkan welaýaty — awgust aýynyň 10-y, 11-i we 12- si günleri;

Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 14-15-i, 16-sy we 17-si günleri;

Ahal welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

taýýarlygyň ugurlary: aktýorçylyk sungaty (drama we kino aktýory); sirk sungaty; aktýorçylyk sungaty (gurjak teatrynyň aktýory); drama režissurasy; dramaturgiýa — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (sahnada hereket üsti bilen işlemek we öz pikiriňi ýazuw üsti bilen beýan etmek), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: telewideniýe (teleradiogepleşikleri guramak we alyp barmak; telewideniýe režissurasy; operatorçylyk işi we montažyň režissurasy); telewideniýe žurnalistikasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (ýatdan, görkezmek arkaly), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: durmuşmedeni işler (höwesjeň aýdymsaz toparyny guramak we dolandyrmak); horeografiýa sungaty (folklor toparyny guramak we dolandyrmak; milli tans toparyny guramak we dolandyrmak) — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: ses režissurasy; kino režissurasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (akustika, saz ugrundan ukyby), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: yşyklandyrma tehnologiýasy — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak (fizikanyň we optikanyň kanuny, teatr we kino boýunça umumy düşünje), türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: medeniýeti öwreniş; rejelemek işi; arheologiýa; muzeologiýa, medeni we tebigy miras ýadygärliklerini goramak; resminama we arhiw öwreniş; kitaphana işi; kitaphanamaglumat işleri; myhmanhana işi; syýahatçylyk; art-menejment — jemgyýeti öwreniş; türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň salgysy: Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 114,

tel.: 48-28-60.

Her bir ýokary okuw jaýlary boýunça resminama tabşyrmak üçin maglumatlary aýry habarlar görnüşinde saýtymyza iň gysga wagtda ýerleşdireris.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

 

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy