BILIM

Ýokary okuw mekdepleriň käbiri hojalyk hasaplaşygyna geçiriler

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdeplerini hojalyk hasaplaşygyna geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşigine bellenilip geçilişi ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Tükmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet maliýe instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti hojalyk hasaplaşygyna geçiriler.

 

Talyp 2021: Okuwa kabul edişlik başlaýar

Related posts

Halkara  nebit  we gaz  uniwersiteti bilen Hytaýyň Nebit uniwersiteti hyzmatdaşlyk eder

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli halkara olimpiadalar geçiriler

“Açyk gapylar”: Döwlet energetika instituty