JEMGYÝET

Aşgabatda täze awtobus gatnaw ugurlary açyldy

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2021-nji ýylyň 10-njy iýunyndan 76-njy “Awtokombinat – Howa menzili”, 102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” we 103-nji “Parahat – Howa menzili” täze awtobus ugurlarynyň açylýandygyny.

Olaryň arasynda paýtagtyň etegindäki «Altyn asyr: Gündogar bazaryna» açylan täze ugur hem bar.

Has takygy, Aşgabatda aşakdaky täze awtobus ugurlary açyldy:

76-njy “Awtokombinat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – N.Andalyp köçe – Görogly köçe – S.Türkmenbaşy şoýoly – Magtymguly şaýoly – N.Andalyp köçe – H.A.Ýasawy köçe – B.Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Howa menziline barýar hem-de yzyna B.Türkmenistan şaýoly – A.Nyýazow şaýoly – G.Kulyýew köçe – G.Bäşiýew köçe – A.Jallyýew köçe – N.Andalyp köçe – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow köçe bilen hereket edip, “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

89-njy “Parahat – “Altyn Asyr Gündogar” bazary” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Annanow köçe – Ýunus Emre köçe – Ankara köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Andalyp köçe – Watan köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, “Altyn Asyr Gündogar” bazaryna barýar hem-de yzyna A.Nyýazow şaýoly – Watan köçe – N.Andalyp köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – Ankara köçe – Ýunus Emre köçe – B.Annanow köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

102-nji “Awtokombinat – Teke bazar” ugry boýunça awtobus “Awtokombinat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Nyýazow şaýoly – Gündogar köçe – Oguzhan köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – D.Azady köçe – A.Gowşudow köçe bilen hereket edip, “Teke bazar” belleniş nokadyna barýar hem-de yzyna M.Kaşgary köçe – D.Azady köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Oguzhan köçe – Gündogar köçe – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip , “Awtokombinat” belleniş nokadyna gelýär.

103-nji “Parahat – Howa menzili” ugry boýunça awtobus “Parahat” belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçe – 10 ýyl Abadançylyk köçe – B.Türkmenistan şaýoly – Galkynyş köçe – A.Nowaýy köçe – Görogly köçe – A.Nyýazow şaýoly – A.Berdiýew köçe – B.Türkmenistan şaýoly bilen hereket edip, Aşgabat halkara howa menziline barýar hem-de yzyna B.Türkmenistan şaýoly – A.Berdiýew köçe – A.Nyýazow şaýoly – Görogly köçe – A.Nowaýy köçe – Galkynyş köçe – B.Türkmenistan şaýoly – 10 ýyl Abadançylyk köçe – A.Garlyýew köçe bilen hereket edip, “Parahat” belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-33-90, 44-33-91.

«Ever Given»-iň azatlygynyň bahasy 540 müň dollar

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri