Angliýanyň “Ewerton” hem-de “Tottenhem” toparlaryna täze tälimçiler belledi. Ozal 4 ýyl “Wulwerhempton” toparyna tälim beren portugaliýaly Nunu Santu “Tottenhem” toparyna geçdi.
Toparyň resmi internet saýtynda berlen habara görä, tälimçi bilen 2 möwsümlik şertnama baglaşyldy. “Tottenhem” geçen möwsümde 7-nji orny eýeledi. Möwsüm dowam edýän döwründe portugaliýaly Žoze Mourinýonyň tälimçiligi bes edildi. Topara wagtlaýynça Raýan Menson ýolbaşçylyk etdi.
47 ýaşyndaky Santu ozal “Porto”, “Riu Awe” hem-de “Walensiýa” toparlaryna talim beripdi. Ol futbolçy hökmünde “Porto” toparynyň düzüminde çykyş edip, 4 gezek Portugaliýanyň çempiony hem-de UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň hem-de kubogyny gazanypdy.
“EWERTON” BENITES BILEN YLALAŞDY
Ispaniýaly Rafael Benites Liwerpul şäheriniň “Ewerton” toparynyň tälimçisi boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berýär.
Ozal Liwerpul şäheriniň adybir “Liwerpul” toparyna tälim beren Benitesiň şertnamasynyň möheleit barada maglumat berilmedi.
Benites Çempionlar ligasynyň ýeňijisi, Angliýanyň kubogynyň we Super kubogynyň we UEFA Super kubogynyň ýeňijisi bolan “Liwerpul” toparyna 2004-2010-njy ýyllarda tälim beripdi.