SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ispaniýa we Gresiýa örtük dakynmagy ýatyrýar

Ispaniýada bilen Gresiýada açyk howada agyz-burun örtügini dakynmagyň zerurlygyny aradan aýyrmaga taýýarlyk görýär. Ispaniýada 26-njy iýundan başlap, köçelerde örtük dakynmak talaby ýatyrylar. Bu ugurda ýurduň merkezi hökümeti bilen awtonom dolandyryş sebitleriniň arasynda ylalaşyk gazanyldy.

Sebit dolandyryş edaralarynyň saglyk geňeşi 2020-nji martynda ýola goýlan agyz-burun örtük dakynmak talaby 26-njy iýundan başlap, 1,5 metrlik araçäk saklamak şerti bilen ýatyrylýandygyny mälim etdi.

Ýöne agyz-burun örtükleri ýapyk binalarda, jemgyýetçilik ulaglarynda, açyk howada bolsa-da köpçülikleýin çärelerde dakynmaly bolnar. Raýatlaryň hemişe agyz-burun ortüklerini ýanynda götermeli bolarlar.

Ispaniýada ilatyň 31,9 göterimine sanjym edildi. Tomus möwsüminiň ahyryna çenli ilatyň 70 göterimine sanjym etmek göz öňünde tutulýar.

GRESIÝA HEM ÇÄKLENDIRMELERI GOWŞADÝAR

Gresiýada adamlaryň köpçülikleýin jemlenmeýän ýerlerinde örtük dakynmak zerur däl. Bu barada ýurduň hökümeti degişli karar kabul etdi. 28-nji iýundan başlap, koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly çäklendirmeler gowşadylýar.

Kafe, restoran we sport zallary üçin sanjymyň 2 dozasyny alan adamlar üçin lukmançylyk barlagy kepilnamasy almak zerur däl. 200 adamyň gatnaşmagynda toý we konsert çärelerini gurnamaga rugsat edildi. Deňiz kenarynda 1000 inedördül metrlik meýdana 120 adama rugsat berilýär.

Bu ýurtda hem ýapyk binalarda örtük dakynmaly bolar.

 

Türkmenistan özüniň eksportda gazananlaryny görkezer

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri