Dünýädäki pandemiýa bilen bu ýyl syýahatçylaryň sany azaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UNWTO) 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 83 göterim azalandygyny habar berdi.
UNWTO, COVID-19 epidemiýasynyň iň köp täsir eden pudaklaryndan biri bolan syýahatçylykda, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 183 million az syýahatçynyň syýahat edendigini, bu bolsa 83 göterim pese gaçandygyny habar berdi.
Iň ýokary pese gaçmagyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde (91 göterim), ondan soň Ýewropa (83 göterim), Afrika (81 göterim), Amerika (71 göterim) bolandygy bellenildi. Epidemiýa sebäpli 2020-nji ýylda syýahatçylygyň iň erbet ýyly hökmünde tanalýandygyny ýatladýan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, bu pudaga bolan ynamyň ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp gelýändigini aýtdy.
Pudagyň hünärmenleriniň maý-awgust aýlarynda azajyk bolsa-da, umytlaryny oňyn ýagdaýda täzeländigi we sanjym etabynyň bazarda täze umyt döredendigi mälim edildi.
UNWTO-nyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili: “Talaplaryň ep-esli artýandygyny we ynamyň ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilýändigini görýäris. Sanjymlar pudagyň dikeldilmegi üçin açar bolar, emma demirgazyk ýarym şarda dikeliş görmek islesek, biz synagy has aňsat we has elýeterli etmeli we aragatnaşyk we utgaşdyrmagy gowulandyrmaly. ” diýip, baha berdi.
Beýleki tarapdan, gurama tarapyndan neşir edilen gözlegde, hünärmenleriň ýarysynyň takmynan 2024-nji ýyla çenli syýahatçylyk epidemiýasyndan öň 2019-njy ýyldaky maglumatlara garaşmaýandygy göründi.
Aýsoltan ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy