SIZDEN GELENLER

2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde syýahatçylaryň sany 83 göterim azaldy

Dünýädäki pandemiýa bilen bu ýyl syýahatçylaryň sany azaldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy (UNWTO) 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde dünýäde syýahatçylaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 83 göterim azalandygyny habar berdi.

UNWTO, COVID-19 epidemiýasynyň iň köp täsir eden pudaklaryndan biri bolan syýahatçylykda, 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 183 million az syýahatçynyň syýahat edendigini, bu bolsa 83 göterim pese gaçandygyny habar berdi.

Iň ýokary pese gaçmagyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde (91 göterim), ondan soň Ýewropa (83 göterim), Afrika (81 göterim),  Amerika (71 göterim) bolandygy bellenildi. Epidemiýa sebäpli 2020-nji ýylda syýahatçylygyň iň erbet ýyly hökmünde tanalýandygyny ýatladýan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, bu pudaga bolan ynamyň ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp gelýändigini aýtdy.

Pudagyň hünärmenleriniň maý-awgust aýlarynda azajyk bolsa-da, umytlaryny oňyn ýagdaýda täzeländigi we sanjym etabynyň bazarda täze umyt döredendigi mälim edildi.

UNWTO-nyň Baş sekretary Zurab Pololikaşwili: “Talaplaryň ep-esli artýandygyny we ynamyň ýuwaş-ýuwaşdan dikeldilýändigini görýäris. Sanjymlar pudagyň dikeldilmegi üçin açar bolar, emma demirgazyk ýarym şarda dikeliş görmek islesek, biz synagy has aňsat we has elýeterli etmeli we aragatnaşyk we utgaşdyrmagy gowulandyrmaly. ” diýip, baha berdi.

Beýleki tarapdan, gurama tarapyndan neşir edilen gözlegde, hünärmenleriň ýarysynyň takmynan 2024-nji ýyla çenli syýahatçylyk epidemiýasyndan öň 2019-njy ýyldaky maglumatlara garaşmaýandygy göründi.

 

                                                                      Aýsoltan ÖWEZOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş

 institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy

 

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndürilýär

 

 

Related posts

Dünýädäki iň üýtgeşik kitaplar

Kofe ösümligi.

Ata Watan Eserleri

Baý bolmak hakynda gysgaça maslahatlar

Ata Watan Eserleri