Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy Türkmenistandaky infrastruktura taslamalaryna maýa goýar. Bu barada “orient.tm” internet neşirinde habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky gyzyklanma bildirilýän ugurlardaky hyzmatdaşlygy we maýa goýum taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýeti 2021-nji ýylyň 9 — 11-nji iýuny aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi we Dubaý şäherlerinde gulluk iş saparynda bolýar.
Şol saparyň çäklerinde Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy bilen Türkmenistanyň arasynda ylalaşyklara gol çekildi. Şoňa laýyklykda, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde howa menziliniň gurluşygyny takmynan 75 million dollar, 10 megawatt kuwwatyndaky gidrid elektrik bekediniň gurluşygy maliýeleşdirmek üçin 25 million dollaryna barabar maýa goýumlar özleşdiriler.
Bu ylalaşyklara Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasynyň baş direktory Muhammad Saif As-Suwaýdi bilen Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahimberdi Jepbarow gol çekdi. Bu gol çekişlik dabarasyna BAE-niň energetika we infrastruktura ministri Muhammad Faraj Faris Al Mazruý hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow we beýleki resmi adamlar gatnaşdy.
Iki şertnama Türkmenistanda infrastrukturany ösdürmäge we ýurtda ykdysady ösüşe, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşe goşant goşjak taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.