SIZDEN GELENLER

Towuk ýumurtgasynyň peýdasy

Oba hojalyk guşlarynyň ýumurtgalary ajaýyp azyklyk önüm hasaplanýar, towuk ýumurtgasyna bolsa berhizlik häsiýet mahsusdyr. Bir ýumurtga iýmitlik ýokumlylygy boýunça takmynan 40 gr ete we 120-150 gr süýde barabar hasaplanýar, uly adamyň bir günki beloga, ýaga we mineral maddalara bolan talabynyň 4-5 %-ni, witaminleriň bolsa 10-30 %-ni üpjün edýär.

Towuk ýumurtgasynyň sarysynda 50-54% suw, 16-17% belok,     30-32% ýag, 1% uglewodlar we minerallar bardyr. 50 gram towuk ýumurtgasynyň sarysy takmynan 17 gram bolup, onuň düzüminde 2,7 gram belok, 139 mg holestrin, 0,61 gram uglewod we 4,51 gram ýag bardyr.

Towuk ýumurtgasynyň himiki düzümi barada aýdanymyzda onda , A, С, D, E, K, N we RR ýaly witaminleri, kaliý, kalsiý, magniý, sink, selen, mis we margenes hem-de demir, hlor, we kükürt, ýod, hrom, ftor, molibden we bor ýaly himiki elementler bardyr.

Şeýle hem onuň sarysynda holestrin bardyr. Onuň bilen birlikde köp mukdarda poli doýgun we doýmadyk ýag kislotalary jemlenendir.

Bir towuk ýumurtgasynda takmynan 130 mg kolin bardyr. Ýumurtganyň sarysynyň bir bölegi bolan kolin bedendäki ýagyň we holestriniň mukdaryny kadalaşdyrýar.

Towuk ýumurtgasy adam beýnisiniň gan üpjünçiligini gowlandyrýar, ýatkeşligi ýokarlandyrýar we sklerozyň ösmeginiň öňüni alýar. Ýuwulyp, arassalanan we guradylan ýumurtga gabyklary süňkleri berkitmekde we saçlaryň ösmegine itergi bermekde örän ähmiýetlidir.

Ýumurtganyň gabygynda onuň agramyna bolan gatnaşygynda gury maddalar 98%-den köpräkdir. Kollagen gabygyň proteininiň esasydyr. Ol ýumurtga emele gelende mineral duzlaryň toplanmagyna esas bolup hyzmat edýär.

Ýumurtgada çalşyp bolmaýan aminokislotalaryň esasy bölegi saklanýandyr.

 

Durdyýewa Ýazjemal,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

Uniwersitetiniň talyby

 

 

Daşary ýurtda galan türkmen raýatlary pasport möhletini uzaldyp biler

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti