TEHNOLOGIÝA

Gyzykly maglumat: näme üçin uçarlaryň esasy reňki ak?

Ýer ýüzünde müňlerçe awiakompaniýa bar. Olaryň uçarlary her dürli dizaýna eýe. Ýöne, üns berseňiz, olaryň agalabasynyň saýlap alan esasy reňki akdyr? Eýsem, bu näme üçinkä?

Alymlaryň nygtamagyna görä, ak reňk beýleki reňklere garanyňda ýeňil bolýar. Hut, şonuň üçin hem uçar öndüriji, ondan peýdalanyjy kompaniýalaryň aglabasy, köplenç, bu reňki saýlap alýarlar. Çünki agyrlygy tygşytlamak uçuş wagtynda ýangyjyň hem ep-esli tygşytlanmagyna ýardam berýär.

Bu däbe «Türkmenhowaýollary» agentliginiň uçarlarynda hem eýerilýändigini ýatladýarys. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlaryny ýaşyl reňkli nyşan bezeýän bolsa, dizaýnyň agramly böleginde ak reňke üns berlendigi göze ilýär.

 

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna howa gatnawy açyldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen Estoniýanyň Elektron dolandyryş akademiýasynyň arasynda ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň sanly Konsepsiýa-2028: emeli aň ykdysadyýeti, 5G, TransHazar kabel geçirijisi

Ata Watan Eserleri

“Google” kompaniýasy Germaniýada 5.5 milliardlyk taslamalary durmuşa geçirer

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2025» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Ýaponiýada howasyz ulag tekerleriniň synaglary başlady

Türkmenistan bilen Russiýa sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar