TEHNOLOGIÝA

Gazagystanda emeli aň boýunça ministrlik dörediler

Gazagystan emeli aň mümkinçilikleri halk hojalygyna giňden ornaşdyrmak maksady bilen toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurtda emeli aň boýunça ministrlik dörediler.

Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew milli parlamentiň her iki palatasynyň bilelikdäki mejlisinde Gazagystanyň halkyna ýüzlenmesinde mälim etdi.

— Täze ministrligi Premýer-ministriň orunbasary derejesindäki hünärmen ýolbaşçy etmeli, — diýip, Gazak Lideri belledi.

Onuň bellemegine görä, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak üçin Hökümetiň emeli aňy giňden ornaşdyrmagy zerurdyr.

— Uly göwrümli sanlaşdyrmaga we emeli aň tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna esaslanyp, biz ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaly. Ilkinji ädim hökmünde «Sanly kodeksi» çalt kabul etmek gerek, — diýip, Kasym-Žomart Tokaýew belledi.

Gazagystanyň Prezidenti geljek 3 ýylda ýurdy sanly döwlete öwürmek üçin ähli zerur işleriň geçirilmegi babatda degişli tabşyryklar berdi.

 

Related posts

BAE kanuny düzmekde emeli aň ulgamyny ulanýan ilkinji ýurt bolar

“Starbucks” bir gezek ulanylýan bulgurlardan ýüz öwürmekçi

Ata Watan Eserleri

Robot it bazary gyzyşýar