TEHNOLOGIÝA

“Xiaomi” elektrikli awtoulagyny haçan çykarar?

Elektrik awtoulag bazarynda güýçli bäsdeşlik bar. Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Xiaomi” ýakynda yglan edilen taslamasy üçin köpçülikleýin önümçilik senesini aýan etdi.

Hytaýly smartfon we elektron enjam öndürijisi “Xiaomi” kompaniýasy ozal elektrikli awtoulag öndürjekdigini habar beripdi. Bu mesele boýunça kompaniýadan täze beýannama geldi. Kompaniýanyň ýerine ýetiriji müdiri Lei Junuň beýanatyna görä, kompaniýa 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda köpçülikleýin önümçilige başlamagy maksat edinýär.

Bu habarlaryndan soň “Xiaomi” kompaniýasynyň paýnamalary 5% ýokarlandy.

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi “Xiaomi” mart aýynda elektrik awtoulaglaryna 10 milliard dollar maýa goýjakdygyny mälim edipdi.

Awtonom we elektrik awtoulag bazaryndaky bäsdeşlik barha artýar. “Google” we “Apple” -iň hem awtoulag öndürmek üçin işleýändigi mälimdir.

Gülşirin Hanowa – “Uçup barýan ak durnanyň” waspçysy

 

Related posts

Atçylyk boýunça işler sanlaşdyrylýar

Elektrikli ulaglar goňşularymyzda hem öndüriler

Ine, “Huawei” şereketiniň täze elektrikli ulagy

Ata Watan Eserleri