TEHNOLOGIÝA

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup emeli aňy ministr edip belledi

Albaniýa dünýäde ilkinji bolup, ministr wezipesini emeli aňa beren ýurt boldy. “Diella” atly ulgam ähli döwlet bäsleşiklerine gözegçilik eder, häkimiýetleriň pikiriçe, bu olary bäsleşikleriň aç-açanlykda geçirilmegine ýardam eder. 

Habar neşirleriniň habar bermegine görä, Albaniýa ministr wezipesini emeli aňyň binýadyndaky model alnan dünýäde ilkinji döwlet boldy. Wirtual ministriň ady Diella (alban dilinden terjime edilende “gün” manysyny berýär).

Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Rama, “Diella”-nyň hökümetiň hususy kompaniýalar bilen şertnama baglaşýan ähli döwlet bäsleşiklerine gözegçilik etjekdigini aýtdy.

Rama täze kabinetini tanyşdyryp: “Diella – bu fiziki taýdan bolmadyk, emma emeli aň tarapyndan wirtual döredilen ilkinji ministrler kabinetiniň agzasy” diýdi.

“Diella” ulgamy Albaniýanyň döwlet hyzmatlary platformasynda işleýändigi sebäpli, Albaniýanyň ýaşaýjylaryna eýýäm tanyşdyr. Onda adaty alban lybasyndaky ýaş gyzyň görnüşinde peýda bolýar.

Ýene-de okaň

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar