TEHNOLOGIÝA

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek: Intellektual mümkinçilikler

Häzirki wagtda öňde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion tehnologiýalary, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk ulgamynda şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak boýunça möhüm wezipeler durýar.

Bu wezipeler aragatnaşygyň maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň, şol sanda, maglumat hyzmatlarynyň, ulgamyň maglumat-kommunikasiýa üpjünçiligini ösdürmegiň, adamyň intellektual mümkinçiligini doly derejede ulanmagyň hilini we ygtybarlylygyny ýokarlandyrmagy talap edýär.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek netijeli ulgamlary ornaşdyrmaga, uzak möhletli ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga şert döredýär, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we kämil görnüşlerini ýola goýmaga, durmuş şertlerini gowulandyrmaga hemaýat edýär hem-de tehnologiýalar bilen bagly töwekgellikleriň azalmagyna, Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňelmegine ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen düýn geçiren duşuşygynda aýtdy.

Telekeçilik işine degişli kanunçylyk kämilleşdiriler

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler

Ýene-de okaň

“Google” we Çili Awstraliýa çenli optiki süýümli kabel çeker

Hytaýyň awiakompaniýalary “Airbusdan” 500 uçar satyn alar

Russiýanyň uçarlarynda internet 2027-nji ýylda peýda bolar

“Microsoft” Şweýsariýada bulut we emeli intellekt üçin maýa goýýar

“Türkmentelekom” köpçülikleýin ýerlerde, howa menzillerinde we şypahanalarda Wi-Fi mümkinçiligini hödürleýär

Dünýäniň ilkinji emeli aň tehnologiýaly şäheri gurlar