BIZNES

Arbitraž kazyýeti we halkara hususy hukugyň kadalary

Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini kabul ediler, Raýat Kodeksiniň kämilleşdiririlen rejelenen görnüşi taýýarlanar we bu Kodeksde halkara hususy hukugynyň kadalary beýan ediler. Bular barada Ruhyýet Köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygynda aýdyldy.

Şonda, Arbitraž kazylary tarapyndan jedellere seretmegiň tejribesini öwrenmegiň möhüm ähmiýetini nazara alyp, Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Bulardan başga-da, Raýat kodeksiniň kämilleşdirilen, rejelenen görnüşini taýýarlamak boýunça işi dowam etmeli. Şonuň bilen birlikde, döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribesinden ugur alyp, Kodeksde halkara hususy hukugynyň kadalary hem beýan edilse, maksadalaýyk bolardy diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek: Intellektual mümkinçilikler

Kärhanalary hasaba alyş ulgamy kämilleşdiriler

«Migrasiýa hakyndaky» Kanuna üýtgetmeler giriziler

Telekeçilik işine degişli kanunçylyk kämilleşdiriler

Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler giriziler

Related posts

«Halkbank terminal» täze mobil ulgamy işe girizilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ticaret mahkemesine atama

vepa

“Çalyk Enerji” kompaniýasy Türkmenistanda Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurar

Ata Watan Eserleri